Sepleriň elýeterliligi

Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy bellenildi


Gündogar Ýewropada kommunistik režimleriň dargamagyna itergi beren Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara häzirki we öňki döwlet ýolbaşçylarynyň ençemesi gatnaşdylar.

Malim bolşuna görä, mundan 20 ýyl ozal, ýagny 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda, Gündogar Berlin bilen Günbatar Berliniň arasynda gelim-gidimiň ýeňilleşdirilenligi yglan edilende, müňlerçe adam Günbatar Berline geçipdiler.

Demir tutynyň dargamagyna ýol açypdy

Berlin diwary, 1976-njy ýyl.
Berlin diwarynyň ýykylmagy Gündogar Ýewropada demir tutynyň dargamagyna hemem bir ýylyň dowamynda Germaniýanyň birleşmegine ýol açypdy. Düýn giçlik şol waka berlin diwaryna meňzeş edilip gurlan simwoliki haýaty Polşanyň öňki oppozision lideri we prezidenti Leh Walensanyň ýykmagy bilen dabaraly ýatlanyldy.

Soňra biri-biriniň üstüne ýumrulyp başlan emeli haýatlaryň ýykylmagy bilen bu çäre 1989-njy ýylda Polşada raýdaşlyk hereketiniň başlamagy we onuň yz ýany bilen Gündogar Ýewropada kommunistik režimleriň agdarylmagynyň simwoly hökmünde amala aşyryldy. Öňki diwaryň ýerleşýän ýerinde dikilen we uzynlygy 1,5 kilometr töweregi bolan bu emeli diwaryň ýykylmagy baradaky çäre Berlinde geçirilen bu dabaralaryň esasy özenini emele getirdi.

Mundan 20 ýyl ozal ýykylan we Gündogar Ýewropadaky kommunistik režimleriň agdarylmagyna badalga beren şol waka bilen bagly geçirilen düýnki dabara muňlerçe adam gatnaşdy. Şol diwaryň ýykylmagy demir tutynyň dargamagyna we bir ýylyň dowamynda Germaniýanyň birleşmegine sebäp bolupdy. Bu diwaryň ýykylmagyndan iki ýyl soňra, Sowet Soýuzy-da dargapdy.

Köp sanly liderler gatnaşdylar

Dabara Ikinji jahan urşundaky dört ýaranlaryň liderleridir wekilleri-de gatnaşdylar.
Gündogar Ýewropada kemala gelen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hem 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Gündogar Berlinden Günbatar Berline geçen müňlerçe adamlaryň biridir. Onuň beýemçiliginde geçirilen düýnki dabaralara Ýewropa ýurtlarynyň 27-siniň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Ikinji jahan urşundaky dört ýaranlaryň liderleridir wekilleri-de gatnaşdylar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel düýn Sowet Soýuzynyň iň soňky lideri Gorbaçýow bilen bilelikde mundan 20 ýyl öň iki Berliniň arasynda açylan ilkinji gapylardan biri bolan Bornholmer köprüsinden geçdi.

Iki lider şol köprüden geçende, şol yere jemlenişen ilat: “Gorbi, Gorbi!” diýşip gygyryşdylar. Merkel bu gapynyň açylmagynda Gorbaçýowyň uly rolunyň bolanlygyny aýtdy.

Merkel Berlinde ýagyşly howanyň bolmagyna garamazdan, şol günüň özleri üçin gaty şatlykly gündügini aýdyp, şeýle diýdi: “Bu biziň üçin gaty gowy bir
Bu Orsýetden başlap, tutuş dünýäniň has köp erkinlikde ýaşaýan adamlary üçin hem şatlykly bir gündür.
gündür. Agşam Brandenburg derwezesinde bu güni Germaniýanyň ilaty şatlyk bilen garşy alýan häzirki döwürde bu diňe biziň üçin däl, tutuş Ýewropa üçin dabaraly bir gündür. Bu Orsýetden başlap, tutuş dünýäniň has köp erkinlikde ýaşaýan adamlary üçin hem şatlykly bir gündür. Meniň şeýlegünlere gadam basmaga bize ýardam eden ähli adamlara sag bolsun aýdasym gelýär”.

Şol dabara bilen bagly düýn giçlik Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Orsýetiň liderleri bilen Brandenburg derwezesiniň töwereginde gezelenç etdi.

Merkel şol ýerde eden çykyşynda 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynyň öz durmuşynda gaty şatlykly bir gün bolanlygyny aýdyp, Berlin diwarynyň ýykylmagy sowuk urşuň tamamlananlygyny aňlatdy. “Bu Germaniýada we tutuş Ýewropada agzybirlik, adalatlylyk we erkinlik döwrüniň başlanmagyna ýol açdy. Şonuň üçin 9-njy noýabar biziň ählimiz üçin mydama şatlykly bir gün bolar” diýip, Germaniýanyň kansleri Merkel aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bu ýygnaga gatnaşmady, emma bu barada sözlän sözünde Berlin diwarynyň ýykylmagynyň hiç haçan öz ýadyndan çykmajagyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem bu dabara gatnaşan halkara liderlerden biridi. Ol şol ýerde eden çykyşynda konfrontasiýa döwrüniň yzda galanlygyna umyt bildirip, Ýewropda we tutuş dünýäde köp ugurly döwre geçilmeginiň zerurdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG