Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçýow ÝB bilen Orsýeti özara gatnaşyklary gowulandyrmaklyga çagyrdy


Şu gün Nobel baýragynyň laureatlarynyň Berlinde gurnalan maslahatynda eden çykyşynda ozalky Sowet lideri Mihail Gorbaçýow Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýeti özara gatnaşyklary gowulandyrmaklyga çagyrdy.

Ol öz çykyşynda, hususan-da, Ýewropa Bileleşigini Orsýetden nämä garaşýandygy barada anyk bir pozisiýa gelip bilmeýänlikde tankytlady.

Gorbaçýowyň bu tankydyna jogap edip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barroso Ýewropa Bileleşiginiň Orsýeti kuwwatly, durnukly we ösüş ýolundaky döwlet hökmünde, şeýle hem kanunçylyga we ynsan hukuklaryna hormat goýýan döwlet hökmünde görmek isleýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG