Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýemendäki ýaragly söweşijilere goldaw beremizok


Şu gün Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaky Ýemendäki ýaragly söweşijilere Tähranyň goldaw berýändigi baradaky aýyplamalary ret edip, çykyş etdi.

Bu baradaky çykyşynda jenap Mottaky Eýranyň tutuş regionda durnuklylygyň bolmagy ugrunda alada edýändigini nygtady.

Geçen aýyň ahyrynda Ýemeniň häkimiýetleri ýurduň deňiz suwlarynda Ýemeniň demirgazygynda hereket edýän «Zaidi» atly söweşjeň şaýy topary üçin ýarag getirýän bir gäminiň ele salnandygyny habar beripdiler. Şonda Ýemeniň resmileri gämini sürüjileriň Eýranyň raýatlarydygyny we olaryň tussag edilendigini aýdypdylar.

Bu wakanyň yzy bilen bolsa Ýemeniň prezidenti Aly Abdullah Saleh Eýranyň dini resmileriniň Ýemendäki ýaragly söweşijileri maliýeleşdirýändiklerini aýdyp, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG