Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly zyýaratçylar ýurduň öz içindäki ýerlere bararlar


Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri Gurban baýramynyň basagasynda türkmenistanly zyýaratçylar üçin ilkinji gezek ýurduň öz içindäki 38 sany mukaddes ýere köpçülikleýin dini zyýarat gurnaljakdygyny habar berýärler.

Maglumata görä, bu zyýarat çäresi ertirden, ýagny, 11-nji noýabrdan başlap, 29-njy noýabra çenli dowam äder. Zyýaratçylar Daşhowuz, Balkan, Mary we Lebap welaýatlaryndaky kopsanly öwülýälere, mawzoleýlere we taryhy-arheologiki zapowedniklere zyýarat ederler.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazýetiniň maglumatyna görä, zyýaratçylar öz zyýaratlarynyň ahyrynda Arçman we Ýyly suw kurort zonasynda täze sanatoriýanyň açylyş dabarasyna-da gatnaşarlar.

Ýakynda Türkmenistanyň häkimiýetleri doňuz dümewi bilen baglanyşykly bar bolan howplar sebäpli, türkmenistanly zyýaratçylaryň bu ýylky Haj zyýaratyny ýatyryp, onuň ýerine ýurduň öz içindäki öwülýälere zyýaratlaryň gurnaljakdygyny yglan edipdiler.

Ýöne din ugrundan bilermenler guburlara we öwülýälere zyýarat etmekligiň Yslam dininiň düzgünlerine garşy gelýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG