Sepleriň elýeterliligi

Atylyp öldürilen 13 amerikaly esgeriň jaýlanyş çäresi geçirildi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Tehas ştatynyň Fort Fud etrabynda ýerleşýän harby bazada atylyp öldürilen 13 amerikaly esgeriň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin şol ýere bardy.

Ak tamyň metbugat wekili Robert Gibis Obamanyň beýleki bir esger tarapyndan atylyp öldürilenligi aýdylýan şol esgerleriň hatyrasynyň hemişelik galjakdygyny aýan etmek üçin şol ýere sapar edýänligini aýtdy.

Şol wakany amala aşyranlykda şübhe edilýän maýor Nidal Malik Hassan bir polisiýa tarapyndan atylandan soň keselhana ýerleşdirilipdi. Onuň huşynyň sähelçe ýerine gelenligi aýdylýar.

Derňewçiler daşary ýurtda ýaşaýan radikal Ymam Anwar Al-Awlaki bilen aragatnaşyk saklamagyna garamazdan, Hassanyň terrorçylyk hereketlerine ýa şonuň ýaly hereketi amala aşyrmak baradaky planlara aralaşmanlygynyň tassyklanandygyny aýtdylar.

Emma muňa garamazdan Hassanyň şol hüjüm boýunça aňa ýöňkelýän aýyplama bilen bagly Birleşen Ştatlaryň harby sudyna çykaryljakdygy aýdylýar.

Mälim bolşuna görä, Amerikada doglan we geçmişi boýunça palestinaly musulman bolan Hassanyň Waşingtonuň Yrak we Owganystana hüjüm etmegine garşy çykýanlygy öňe sürülýär.
XS
SM
MD
LG