Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalaşnikowyň dizaýneri Orsýetiň gahramany boldy


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Kalaşnikowyň dizaýneri Mihail Kalaşnikowa Orsýetiň gahrymany diýen ady dakdy.

Klaşnikowyň 90 ýaşyna girmegi mynasybetli Kremlde geçirilen dabarada, Orsýetiň prezidenti Medwedew onuň ähli rus halkyny buýsandyrjak iş bitirenligini aýtdy.

Orsýetiň gahrymany diýen at bu ýurduň iň uly adalgalaryndan biridir.

Mälim bolşuna görä, Kalaşnikow öz ady dakylan şeýle-de AK-47 diýlip hem atlandyrylýan tüpeňi 1947-nji ýylda dizaýn edipdi.

“Roýter” habar agentligi bu ýaragyň häzirki döwürde dünýäniň 55 ýurdunda resmi taýdan ulanylýanlygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG