Sepleriň elýeterliligi

Gurban baýramynda günä geçişlige garaşylýar


Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

Şu ýyl Gurban baýramy Türkmenistanda 28-30-njy noýabr günleri belleniler. Prezidentiň 6-njy noýabrda gol çeken permanyna görä, bu günler resmi taýdan dynç alyş günleri diýlip yglan edildi. Ýurtda Gurban baýramyna taýýarlyklar görülýärkä, il arasynda baýramçylyk bilen bagly günä geçişiň bolmagyna-da umyt baglanylýar.

Ýetip gelýän Gurban baýramy bilen baglanyşykly ýurtda käbir taýýarlyklar görülýär. Hususan-da, ýurduň içindäki mukaddes ýerlere zyýarat guramak boýunça ýörite plan tassyklanyldy. “Turkmenistan.ru” internet gazetiniň ýazmagyna görä, prezidentiň ýanyndaky Dini meseleler boýunça geňeşine we welaýat häkimliklerine 11-29-njy noýabr günlerinde zyýarata gatnaşmak isleýänleriň sanawyny düzmek we zyýaratlary gurnamak tabşyrygy berildi.

Türkmenistanda soňky iki ýylyň dowamynda baýramçylyklaryň golaýlamagy bilen günä geçişiň bolmagyna bildirilýän umytlar hem güýçlenýär. Şeýle umytlaryň döremegine prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, ozalky döwürde ýylda diňe bir gezek Gadyr gijesinde günä geçmek düzgüninden el çekip, günä geçişleri ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn geçirmek barada beren wadasy sebäp boldy. Emma ýetip gelýän Gurban baýramy bilen baglylykda amnistiýanyň geçirilip-geçirilmejegi belli däl. Bu barada ýurduň habar beriş serişdelerinde maglumat berilmeýär.

Geçen ýylyň dowamynda birnäçe gezek günä geçişlik geçirilipdi. Türmeden boşadylanlaryň arasynda açyk-aýdyň bolmadyk sud arkaly türmä düşen adamlaryň käbiriniň goýberilmegi halkara jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň täze ýolbaşçylary has liberal syýasatyň tarapdarlary diýen pikirleri döredipdi.

Şu ýylyň dowamynda günä geçişlik fewral aýynda Baýdak baýramynyň öňüsyrasynda, maý aýynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe we sentýabrda Gadyr gijesine gabatlap geçirilipdi. Resmi maglumatlara görä, jemi dört müňden azrak adam goýberildi.

Ýurduň türme sistemasy nä derejede özgerdi?

Günä geçişler ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýän hem bolsa, synçylar türmeden çykýanlaryň sanynyň azalanlygyna ünsi çekýärler. Ozalky ýyllarda diňe bir Gadyr gijesinde 9-10 müň töweregi adam türmeden çykýardy.

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň bellemegine görä, günä geçişlerde goýberilýän tussaglaryň sanynyň azalmagy ýurtda jenaýatçylyk derejesiniň peselenligini aňlatmaýar, öň günä geçişler arkaly häkimiýetler adamdan ýaňa hyryn-dykyn türmeleri boşatmak meselesini çözen bolsalar, şu günki gün türmelerdäki şertler agyrlaşdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Tuhbatullin ýurduň türme sistemasynyň üýtgemän galanlygyny belledi: “Sistema öňküligine galdy, sanawlary Içeri işler we Howpsuzlyk ministrlikleri düzýärler. Şol sanawlara režime ýakmaýan adamlar Nyýazow döwründe-de düşmeýärdi, häzirki döwürde-de şu çaka çenli düşenok”.

Farid Tuhbatullin ýakynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda günä geçiş bolar diýen umytlaryň başa barmanlygyny bellemek bilen Gurban baýramy bilen baglylykda-da günä geçişiň bolmagy barada özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Şu günki gün hökümete degişli bolmadyk halkara guramalar Türkmenistanda syýasy sebäplere görä tussag edilen we wyždan ýesirleri diýlip atlandyrylýan adamlaryň türmede galmagyna alada bildirmegini dowam etdirýärler.

Annadurdy Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew ýaly syýasy aktiwistleriň we turkmen häkimiýetleri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast edişlik” diýlip atlandyrylan 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilenleriň ykbaly barada resmi taýdan habar berilmeýär.

25-nji noýbar bilen baglylykda tussag edilenlere uzak möhletli işiň kesilmegine şu ýyl ýedi ýyl dolýar. 2007-nji ýylyň awgust aýynda prezident Berdimuhamedow Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa Uniwersitetinde çykyş edende, oňa syýasy tussaglaryň ykbaly barada berlen soraga şol tussaglaryň diridigine özüniň ynanýanlygyny aýdypdy.

Halkara guramalar türmelere goýberilmeýär

Türkmenistan Merkezi Aziýada öz türmelerine “Gyzyl haç” we “Gyzyl Ýarymaý” guramalarynyň wekillerini goýbermän gelýän ýeke-täk ýurt bolup galýar. Synçylaryň pikirine görä, türkmen häkimiýetleriniň halkara guramalarynyň wekilleriniň türmelere baryp görmegine garşy aýak diremegi syýasy tussaglaryň ykbaly bilen bagly bolmagy mümkin.

Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, bir tarapdan Türkmen häkimiýetleri halkara wekilleriniň 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň, beýleki tanymal syýasy ýesirleriň we öňki döwlet ýolbaşçylarynyň ýanyna goýberilmegini talap etmeginden howatyrlanýarlar, başga bir tarapdan bolsa, Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň saklanylýan şertleriniň üstüniň açylmagyny islemeýärler.

Öz nobatynda türmelerde oturyp çykanlar tussaglaryň hem ahlak hem-de fiziki taýdan ýowuz şertlerde saklanylýanlygy, açlyk, hapaçylyk, keselçilik ýaly aýylganç şertlerden daşgary türme işgärleri tarapyndan urlup-ýenjilýänligini gürrüň berýärler.

Şu ýyl türmeden çykan Türkmenistanyň raýatynyň ady agzalmazlyk şerti bilen radiomyza gürrüň bermegine görä, türmede günde birnäçe adam ýogalýar. Emma olaryň jesetleri hossarlaryna berilmeýär. Şu sebäpden, köp tussaglaryň ykbalynyň şu günki güne çenli näbelliligine galýan bolmagy ähtimal.

Soňky döwürde Türkmenistan öz kanun sistemasyny halkara kadalaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça çäre görýänligini yglan edip gelýär. Hususan-da, halkara spesialistleriniň gatnaşmagynda seminarlar we konferenisýalar geçirilýär. Aşgabatda ýygy-ýygydan geçirilýän halkara seminarlaryň çäginde ynsan hukuklary meselesine hem deglip geçilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG