Sepleriň elýeterliligi

Berlin diwarynyň ýykylmagy azatlyk getiripdi


Reihstag binasynyň golaýyndan Berlin diwarynyň görnüşi, 10-njy noýabr, 1989-njy ýyl.

Reihstag binasynyň golaýyndan Berlin diwarynyň görnüşi, 10-njy noýabr, 1989-njy ýyl.

Berlin diwarynyň ýykylmagy esasan hem Gündogar Germaniýanyň “gadagan edilen zolagynda” örän dabaraly ýagdaýda bellenipdi.

40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, şol zolagyň içinde galan adamlar adaty Gündogar germaniýalylardan has köp çäklendirmelere sezewar edilipdi. Olara hatda goňşy obalara barmaga-da rugsat berilmeýärdi.

“Olary görýärdik, ýöne o tarapa ýöremek bolanokdy”

Bölünen Germaniýanyň iki tarapynda ýaşan Horst we Rita Zinke hossarlary bilen ýylda bir gezek duşýandygyny ýatlaýarlar. Rita bu barada şeýle diýýär: «Biz diwaryň gädiginden ýalyklarymyzy galgadýardyk. Ol gynandyryjy, ezýet berijidi, biz olary görýärdik, ýöne olara tarap ýöräp bilmeýärdik».

Rita bilen Horstyň Günbatar Germaniýadaky hossarlary bilen gatnaşyklary 1949-njy ýylda, haçanda Gündogar Germaniýa Sowet güýçleri tarapyndan basylyp alnyp, sowuk uruş başlananda we Germaniýa Demokratik Respublikasy yglan edilensoň üzülipdi.

Birgiden töwekgelçilige garamazdan, Horst her ýylda günbatarly hossarlary bilen duşuşmak üçin bir ýere gelendigini aýdýar: «Biz örän seresap bolmalydyk, eger-de şol ýerde köpräk duraýsak, harbylar gelip bilerdi, biz ol ýerden tiz gitmelidik».

«Gatnaşyk çäklendirilen zonada ýaşaýanlar üçin birnäçe gezek baryp-gelmek gadagançylygy girizilipdi. Gündogar germaniýalylara GDR-e we Sowet bloguna sapar etmäge rugsat berilse-de, ýokary howpsuzlyk zonasynda ýerleşýän 1500 adamly oba ýaşaýjylaryna birnäçe hepde öň rugsat almazdan, öz obasyny terk etmek gadagandy» diýip, Horst ýatlamasyny dowam etdirýär.

“Hatda tokaýlarda gezmelemek ýa-da gatnawlar çäklendirilen zonada ýerleşdirilen oba barmak hem gadagandy.” Rita üçin bu ýagdaý edil türme ýaly bolupdyr: «Germewler, dostluksyz sakçylaryň uly açarlary şakyrdatmagy, bularyň ählisi adamlarda edil türmä düşen ýaly duýgy döredýärdi.»

700 müň adam günbatara gaçdy

Rita bilen Horst bölünişigiň başlanan ýyllarynda gaçyp bilerdiler, şol wagt germew belent däldi we howpsuzlyk çareleri bolsa berk däldi, GDR esaslandyrylandan soň, üç ýylda takmyn 700 müň adam Gündogardan Günbatar Germaniýa gaçyp atypdylar.

Elekterikçi bolup işlän pensioner Horst özüniň ilkinji gezek bir serhet garawuly bolup işlän tanyşynyň 1954-nji ýylda Dünýä futbol kubogy ugrundaky ýaryşa tomaşa etmek üçin birnäçe sagatlap Günabatara geçendigini ýatlaýar. Ele salnanda, oňa diňe dört hepde türme tussaglygy berlipdir. Şol wagtky ýagdaýa Horst ýene şeýle baha berýär: «Şol wagt adamlar ýagdaýyň näderejede çynlakaýdygyna göz ýetirip bilmediler, ýogsa has köp adam Günbatara gaçyp atardylar».

Dura-bara araçägiň goragy berkleşdi, araçägiň germewi iki esse beýgeldildi, gözegçilik diňleri guruldy, itler bilen garawulçylyk çekmek girizildi, araçäkde signal goýuldy, minalar gömüldi. Ol dünýäde iň berk goralýan araçäkleriň birine öwrüldi, Günbatara gaçmaga synanyşan ýüzlerçe adamlaryň bu araçäkde öldürilendigi çak edilýär. Käbir hukuk goraýjy toparlar ol sanyň 1000-den geçendigini öňe sürýärler.

Horst we Rita häzir 70 ýaşlarynda, olar häzir gyzy Mişella, onuň ýoldaşy we olaryň gyzy bilen ýaşaýarlar. Olar Berlin diwarynyň ýykylmagyndan 20 ýyl geçenem bolsa adamlaryň ömrüniň gowy ýyllaryny kapasanyň içinde ýaşamaga mejbur edenleriň näme üçin jezalandyrylmandygny soraýarlar.
XS
SM
MD
LG