Sepleriň elýeterliligi

Orsýet we Gürjüstan gepleşiklere başlaýar


Orsýet we Gürjüstan 8-nji tapgyr gepleşiklere başlaýarlar. Şonda howpsuzlyk meseleleri we 2008-nji ýylyň awgust aýyndaky uruşdan soňra öý-öwzarlaryny terk edenleriň dolanyp barmaklary hakynda maslahat ediljek.

BMG-nyň Ženewadaky edarasynda geçiriljek maslahata Günorta Osetiýadan we Abhaziýadan-da wekiller gatnaşýar. Gepleşikleriň geçirilmegine Ýewropa Bileleşigi, BMG we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy goldaw berip gelýär.

Şol bir wagtyň özünde 5 sany gürjüstanly balykçyny bikanun tussag edenlikde, Tbilisi Orsýeti aýyplady. Daşary işler ministrligi olaryň derhal erkinlige goýbermegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG