Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ahmedinejad Eýranyň öz ýadro serişdelerini gorajakdygyny aýtdy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad, Tähranyň öz ýadro serişdelerini gorajakdygyny aýtdy. Bu maglumaty resmi habar çeşmeleri ýaýratdylar.

Onuň aýtmagyna görä, Tähranyň ýadro programmasyny togtatmak barada gürrüň etmek ýerlikli däl, sebäbi Eýran Halkara atom energiýasy agentligi bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk edýär.

Ahmedinejad aýratynam Tähranyň gaty möhüm soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny aýdyp, olardan biri hem ady agzalýan agentlik tarapyndan hödürlenen teklipdir diýdi.

Şol plana görä, Tähran öz uranyny has baýlaşdyrylan ýadro ýangyja öwürmek üçin daşary ýurtlara ibermeli bolar. Orsýet Eýrany bu teklibe pozitiw jogap bermäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG