Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Orsýeti döwrebaplaşdyrmaga çagyrdy


Russiýanyň prezidenti Medwedew Kremlde çykyş edýär, 12-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Russiýanyň prezidenti Medwedew Kremlde çykyş edýär, 12-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Kremlde rus syýasatçylarynyň öňünde eden çykyşynda, Medwedew uly güýje öwrülmek üçin sowet usulyny peýdalanyp, ýurdy döwrebaplaşdyrmak programmasyny amala aşyrmaga çagyrdy.

«Ýurduň at-abraýy we halkyň maddy hal-ýagdaýy mydama geçmişiň üstünlikleri bilen kesgitlenip bilmez. Döwlet budjetiniň uly bölegini üpjün edýän nebit-gaz senagtynyň ösüşi, biziň howpsuzlygymyza kepil geçýän ýadro ýaraglary, senagat we sosial infrastrukturasy – bularyň bary sowet spesialistleri tarapyndan esaslandyrlypdy» diýip, Medwedew aýtdy.

Medwedýew öz çykyşynda geçen asyrda agrar jemgyýetden senagat taýdan ýokary derejede ösen güýje öwrülmäge sebäp bolan sowet programmasyny öwüp, oňa gowy baha berdi. Ýöne «global derejdäki bäsleşikde ýurtda totalitar düzgün dowam edip bilmejekdi, täze döwrebaplaşmak programmasy demokratik gadyr-gymmatlar esasynda bolup biler» diýip, Medwedýew sözüne goşdy.

«Hemmeleriň ýerine serdarlaryň pikir edýän, mesele çözýän köne jemgyýetinden, akylly, erkin, jogapkärçilikli adamlaryň jemgyýetine öwrüleris» diýip, rus prezidenti Medwedew ýörite nygtady.

Medwedew şeýle-de öz çykyşynda ykdysadyýetde reforma geçirmek ýa-da döwlet eýeçiligindäki kärhanalary ýapmak bilen bu pudakda döwletiň rolunyň azaldylmagyna-da çagyryş etdi: «Agyr zähmet bilen hem-de korrupsiýa garşy durmak bilen orsýetliler gowy durmuş gurup bilerler» diýip, Medewedýew sowet stilindäki programmany amala aşyrmaga çagyryş etdi. Ol korrupsiýanyň ösüşe uly böwet bolup durýandygyny-da sözüne goşdy.

Rus prezidenti şeýle-de saýlaw sistemasynda reforma geçirmek bilen galyplara garşy göreşip boljagyny öňe sürdi.

Geljek ýyl 30-dan gowrak ballistik raketalaryň kämilleşdirilmegi bilen ýurduň harby kuwwatynyň güýçlendirmek hakda-da Medwedew ýörite durup geçdi. Demirgazyk Kawkazda terrorizme garşy göreş programmasyna köpräk maýa goýuljagyny-da Medwedýew söz berdi.

Prezident öz sözlerini Ýewropa üçin täze bir howpsuzlyk paktynyň zerurdygyna çagyryş etmek we Orsýetiň daşary syýasaty pragmatik esasda bolmaly diýmek bilen jemledi.

Öz dört ýyllyk prezidentlik möhletiniň ýaryna golaýlap gelýän Medwedýew ilat arasynda Putine görä oňşukly diýen ada eýe bolup gelýär. Yöne köp sanly orsýetliler hakyky güýç we ygtyýarlyklaryň Medwedýewiň däl-de, henizem Putiniň elindedigine ynanýarlar.
XS
SM
MD
LG