Sepleriň elýeterliligi

Rewolýusiýa güýzinden öňki Moskwa ýazy


Sowet Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Mihail Gorbaçýow (sagda), Halk deputatlarynyň birinji gurultaýynda akademik Andreý Saharowyň sözüni kesýär, 1989-njy ýyl.

Sowet Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Mihail Gorbaçýow (sagda), Halk deputatlarynyň birinji gurultaýynda akademik Andreý Saharowyň sözüni kesýär, 1989-njy ýyl.

1989-njy ýylyň bahary, SSSR-iň demokratik ýol bilen saýlanan ilkinji parlamentiniň mejlisinde Saharow bilen M.Gorbaçýowyň arasynda şeýle gürrüň bolupdy: “Ony men teklip etdim...” Gorbaçýow: “Ýoldaş Saharow, siz bu gurultaýy hormatlaýarmysyňyz ýa ýok?”

Saharow şol gürrüňde şeýle jogap beripdi: “Men gurultaýy hormatlaýaryn. Ýöne meniň sözlerimi şu wagt diňläp oturan adamlary-da hormatlaýaryn, tutuş adamzady hormatlaýaryn. Meniň mandatym bu gurultaýyň çäginden aňrylara geçýär”.

Geçýän gündelik mejlisler Nobel baýragynyň laureaty, adam hukuklaryny goramagyň gahrymany Andreý Saharow bilen sowet ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowyň arasyndaky ýaly hyjuwly çykyşlardan, gaharly çekeleşiklerden doludy.

Sowet Soýuzynda adamlar bular ýaly zatlary ozal hiç haçan görmändiler. Käbir adamlar öýden çykman, ençeme sagatlap gözüni telewizoryň ekranyndan aýyrmazdylar. Käbirleri hem işe gideninde-de radioly giderdi. Radiosy ýoklar hem onuň daşyna üýşerdiler.

Taryha giren yyl

Rewolýusion ýyl bolup taryha giren 1989-njy ýyl Gündogar Ýewropada kommunizmiň çökmegi bilen berk baglanyşykly ýyl. Ýöne Sowet Soýuzynyň özünde, aýratyn-da Orsýet Respublikasynda welin, bu Gorbaçýowyň üýtgedip gurmak we aç-açanlyk döwrüniň iň ýokary derejä ýeten ýyly boldy.

“1989-njy ýyl wakalara baý, köp öwüşginli ýyldy. Sebäbi Kommunistik partiýa köpçülikleýin habar beriş serişdelerine kontrollygy elden berdi. Žurnalistler hem bu täze erkinlikden hezil edinip peýdalanmaga başladylar” diýip, merkezi Sankt Peterburgda ýerleşýän ”Raýat gözegçiligi” atly adam hukuklary baradaky guramanyň direktorynyň orunbasary Ýuri Wdowin geçmişi ýatlaýar .

Ýöne 14-nji dekabrda Saharowyň garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykmagy demokratlara duýgy hem syýasy taýdan agyr urgy bolup degdi. Demokratlara ýolbaşçylyk şondan soň Ýeltsine galdy.

”Halk näme üçin saňa minnetdar bolsun?”

Gorbaçýow öten aý Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özgerişe ýol arçamagyň aňsat düşmänligini, ýöne özüniň hiç bir zada ökünmeýänligini aýtdy: “Gije-gündiz çekilýän zähmet, edilýän iş gaty köpdi. Ýöne halk minnetdarlyk bildirmezdi. Onsoň men özüme ”halk näme üçin saňa minnetdar bolsun?” diýen soragy berdim. ‘Saňa bu uly ýurdy üýtgetmek bagty berildi. Mundan ýokary şatlyk bolarmy?’ Goýulmaly sorag, ine, şudy”.

Indi bu wakalardan 20 ýyl soň Gündogar Ýewropada demokratiýa höküm sürýär. Bu ýurtlar NATO hem Ýewropa Bileleşigine agza. Ýöne Moskwa baharynda kök uran umytlar welin, entek doly hasyl berenok.

“Ol bir erkinlik tolkunydy. Biz beýle zady ozal hiç haçan görmändik. Ömrümizde göreris diýip hem göz öňüne getirmändik. Ýöne indi yza süýşdik, ondan arany açdyk” diýip, Wdowin gynanýar.
XS
SM
MD
LG