Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri blogçylary azatlykdan mahrum edildi


Blogçy Emin Milli suda getirilýär, 4-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.
Blogçy Emin Milli suda getirilýär, 4-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Azerbeýjanyň sudy iki sany ýaş internet blogçylaryny 2 we 2,5 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi. Olar huligançylykda aýyplandylar.

Adnan Hajizade bilen Emin Milli iýul aýyndan bäri tussaglykda saklanýardy. Olar Bakuwda ýerleşýän bir naharhanada bolan uruşdan soň tussag edilipdi.

Türmä höküm edilenlerden Emin Milliniň aklawjysy Elton Gulyýew suduň bu kararynyň ýalňyşdygyny, appelýasiýa bilen suduň ýokarky instansiýasyna ýüz tutuljakdygyny, gerek bolsa, bu meseläniň adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna-da ýetirilip bilinjekdigini tassyklady.

Elton Gulyýew Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy bilen söhbetdeşlikde bu barada şeýle diýdi: «Näme üçin olar türmä höküm edildi, haýsy sebäpden olar türmede oturmaly? Munuň ýeke-täk jogaby bar, ol ýerde kadaly kanuny iş ýok, ol sýyasy akt. Şu mahaldan başlap, biz bu ýaş ýigitleri syýasy bendi haspalap bileris, sebäbi olar diňe sýyasy äheňler esasynda tussag edildiler».

Tussag edilmezlerinden biraz öň olar hökümetiň korrupsiýasyny tankyt edýän bir wideo ýazgyny geçirilýän metbugat konferensiýa ýollapdyrlar.

Türmä höküm edilen Hikmet Hajyzadanyň kakasy Hikmet suduň bu kararyna geň galma bilen nägileligini beýan edip, Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna şeýle diýipdir: «Bu karar Azerbeýjan üçin bir gara tegmil, onuň at-abraýyna zeper, suduň haýsy sebäpden şeýle karar kabul edendigine düşünip bilemok, muňa mende jogap ýok, biz appelýasiýa bilen ýokary suda ýüz tutjak, biz olara öz goldawymyzy dowam etdirjek, Adnan we Emin sudda özlerini berk alyp bardylar».

Bakuwdaky hökümete degişli bolmadyk “Jemhuryýet üçin alternatiw” diýen guramany esaslandyrlanlardan Erkin Gadirli ýagdaýa şeýle baha berdi: «Bu durmuş-da, biz sistema düşünýäris, biz sistemanyň nähili zalymdygyna düşünýäris, häzirki ýagdaýda dogrudygyna ynanýan işlerimizi etjek bolýarys, ýöne biz ondan belli bir netije çykjagyna köp umytly bolmaly däl».

Internete gyzyklanamalar artdygyça...

Azeri ýaşlarynyň arasynda bloggerler hereketine we internet saýtlara gyzyklanma artdygyça, geljek ýylda parlamente geçiriljek saýlawlary nazara alyp, analitikler prezident Ylham Alyýewiň awtoritar hökümetiniň olara berk çäre görüp başlandygyny aýdýarlar.

Bakuwly syýasy analitik Ilgar Mämedow şeýle medianyň oppozisiýa üçin güýçli bir serişdä öwrülmeginden häkimiýetleriň gorkýandygyny öňe sürdi: «Beýle sözler ýaş aktiwistlere, diňe aktiwistler däl-de, syýasy ýa-da sosial meseler bilen iş salyşýanlara bir duýduryş, ol açyk-aýdyň signal, ýagny biz sizi munuň üçin jezalandyrarys diýmekden ybarat» diýip, Mämedow radiomyzyň azeri gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Günbatar döwletleri we adam hukuklaryny goraýjy toparlar suduň bu kararyny tankyt edip, Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýewi söz azatlygyna we erkin metbugata gysyş görkezýänlikde aýypladylar. Suduň karary yglan edilen mahaly bir topar adam suduň binasynyň öňüne ýygnanyşyp, bloggerlere hemaýat berdiler we «azatlyk!», «Ylham, ýaş oglanlardan eliňi çek!» diýşip gygyryşdylar.

Hökümetiň tarapyny tutýan media şahsyýetleri, mysal üçin parlamentiň resmi gündelik neşiri bolan «Azerbeýjan» gazetiniň redaktory Bahtyýar Sadykow, suduň bu kararyny goldap çykyş etdi: «Prokuror jenaýat işini gozgan bolsa, şaýatlar diňlenen bolsa, ýaş ýigitler we olaryň aklawjylary çykyş eden bolsalar, Konstitusiýa boýunça men bu kararyň adalatsyzdygyny aýdyp biljek däl, onuň adalatlydygyna mende şübhe ýok, appelýasiýa boýunça geçjek sudda-da şeýle kararyň kabul ediljegine umyt edýärin» diýip, Sadykow aýtdy.

ABŞ-nyň Bakuwdaky ilçihanasynyň wekili Terri Dawidson bu mesele bilen bagly gaýgy-aladanyň bardygyny we ýagdaýyň ýakyndan yzarlanýandygyny mälim etdi. Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti öz ýaýradan beýannamasynda beýle kararyň Azerbeýjanyň alyp barýan demokratik reformalarynda yza gaýdyşlyk boljakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG