Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa haýbat atdy


Şu gün Demirgazyk Koreýa ýakynda bu ýurduň harby gämisine ok atandygy üçin Günorta Koreýanyň jogap bermeli boljakdygyny aýdyp, haýbat atdy. Ýatladyp geçsek, şu hepdäniň ikinji güni Sary deňizde Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň harby gämileriniň arasynda ok atyşlyk ýüz beripdi.

Günorta Koreýanyň harby resmileri bu wakada Demirgazyk Koreýanyň gözegçilik çekýän gämisiniň iki ýurduň arasyndaky bitarap suwlary kesip geçip, serhedi bozandygyny aýdýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, wakada Demirgazyk Koreýanyň harby gämisine uly zeper etirilipdir. Maglumatda Demirgazyk Koreýanyň bir harbysynyň hem bu wakada ölendigi aýdylýar.

Şu gün Demirgazyk Koreýanyň goranmak ministri Kim Tae-ýuň bu bolan waka üçin Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýadan ar aljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG