Sepleriň elýeterliligi

“Forbes” žurnaly iň täsirli adamlaryň sanawyny çap etdi


Amerikada çap edilýän «Forbes» žurnaly dünýädäki iň täsirli adamlaryň sanawyny çap etdi. Şol sanawa gorä, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama dunýädäki in täsirli adam hasaplanylýar. Onun yzýanynda ikinji orunda Hytaýyň prezidenti Hu Žintao durýar.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bolsa bu sanawda üçünji orunda goýlupdyr.

«Forbes» žurnaly täsirli adamlaryň jemi 67-siniň sanawyny getiripdir. Şolaryň hatarynda Osama Ben Laden 37-nji orunda, Eýranyň Baş ruhy lideri Aýatolla Ala Hameneýi 40-nji orunda.
XS
SM
MD
LG