Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň Baş sekretary Owganystan barada çykyş etdi


Şu gün NATO-nyň Baş sekretary Andres Fogh Rasmussen geljek ýyldan başlap NATO-nyň Owganystandaky öz jogapkärçiliklerini ýurduň öz harby güýçlerine tabşyryp başlamalygyny aýtdy.

Bu barada Andres Fogh Rasmussen şu gün Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun bilen geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden beýanatynda belledi.

Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun hem şu hepde eden çykyşynda Owganystanyň Helmand welaýatyndaky britan goşunlarynyň geljek ýylyň iýunyndan başlap öz jogapkärçiliklerini ýerli owgan harbylaryna tabşyryp başlamagynyň mümkindigini aýdypdy.

Ýöne käbir kritikler Owganystanyň hökümetiniň çakdanaşa korrumpirlenendigini aýdyp, bular ýaly jogapkärçilikli çäräni bu hökumetiň amala aşyryp bilmejekdigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG