Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meýer: "Gapy açylanda taryh ýazyldy"


Günbatar Berliniň ýaşaýjylary ýykylýan Berlin diwarynyň öňünde, 11-nji noýabr, 1989-njy ýyl.
Günbatar Berliniň ýaşaýjylary ýykylýan Berlin diwarynyň öňünde, 11-nji noýabr, 1989-njy ýyl.

“Newsweek” žurnalynyň Germaniýa, Gündogar Ýewropa we Balkanlar boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Maikal Meýer 1989-njy ýylda Berlin diwarynyň ýykylmagyny gözi bilen gören şaýatlardan biridir. Bu wakadan 20 ýyl geçenden soň, ol şol mahal gören-eşidenlerini ýakynda kitap görnüşinde çap etdirdi.

“Dünýäni üýtgeden ýyl we Berlin diwarynyň ýykylmagynyň aňyrsyndaky aýdylmadyk hekaýalar” atly kitabynda Meýer şol wakanyň tutuş regiona ýetiren täsiri hakda gürrüň berýär.

Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy hemem 1989-nji ýylda bolan şol rewolýusiýa barada Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Eýugen Tomuýok jenap Maikal Meýer bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Gündogar Ýewropada Berlin diwarynyň ýykylmagyndan bir ýyl öň, ýagny 1988-nji ýyllarda işe başladyňyz. Siz bu regionda uly özgerişleriň boljakdygyna haçan göz ýetirip ugradyňyz?

Maikal Meýer: Käbirleri meniň durmuşymda bolup geçen iň dramatik wakanyň nämedigini soraýarlar. Meniň pikirimçe, ol Berlin diwarynyň ýykylmagyna şaýat bolmakdy.

Maikal Meýer, “Dünýäni üýtgeden ýyl” atly eseriň awtory, häzirki wagtda Ban Ki Munyň beýanat ýazyjysy.
1988-nji ýylyň dekabr ýa noýabr aýynda Budapeşte barýarkam bu waka şaýat boldum. Gorbaçýowyň stilindäki täze reformaçy hökümet şondan bir hepde öň häkimiýet başyna geçipdi. Men şol kommunistik režimiň ähli ýolbaşçylary, şol sanda premýer-ministr Mikloş Nemeth bilen hem söhbetdeş boldum. Meniň gürrüňdeş bolan adamlarymdan biri hem adalat ministri Kalman Kolçerdi. Ol täze esasy kanunyň taslamasyny düzmek barada iş alyp barýardy. Men onuň bilen gürleşmek isleýärdim. Men onuň kommunistik režimiň klassyky adalat ministridigini we o diýen ýokary biliminiň hem ýokdugyny pikir edýärdim.

Ol erkin saylawlar barada gürrüň edýärdi. Men oňa eger saylawlarda siz ýeňilseňiz, nähili bolar diýip, sorag berdim. “Onda biz, edil beýleki kadaly syýasy partiýalar ýaly, öz ýeňlenligimizi yglan ederis” diyip, jogap berdi. Men onuň beren jogabyna güldüm. Ol “Jenap Meýer, sen meniň aýdýan zadyma ynanmaýarsyňmy?” diýip, sorag berdi. Menem ýok diýip jogap berdim.

Soňra ol güldi-de, bir kitapçany maňa görkezip, şeýle diýdi: “Jenap Meýer, bu nämedir öýdüp pikir edýärsiň? Bu Birleşen Ştatlaryň esasy kanunynyň nusgasy hemem hukuklar boýunça Amerikanyň kanunydyr” diýdi. Ol ýene şeýle dowam etdi. “ Meniň aýdýan zatlarymy belläp al. Bu geljek dokuz aýyň dowamynda biziňki bolar.”

Men şonda bu adamlaryň niýetiniň çyndygyna ynandym we şu mahal men tutuş dünýäni üýtgetjek hereketiň başlanlygyna göz ýetirdim.

Azatlyk Radiosy: Ykdysady taýdan kommunizm 1989-njy ýylda çöküpdi. Gündogar Ýewropada ýerleşýän Rumyniýadan başga ähli ýurtlar ammarlaryny boşatmazlyk üçin Günbatardan karz pul alyp başlapdylar. SSSR-iň ýarag boýunça alnyp barylýan ýaryşda Amerika bilen bäşleşmäge güýji galmandy. Onuň ykdysadyýeti barha çöküp barýardy, nebitiň bahasy gaty pese gaçypdy. Bu sistemanyň dargamagyna sebäp bolan zat diňe ykdysady yza gaýdyşmydy? Käbir synçylar kommunizmiň çökmegini gurbaganyň gyzgyn suwda synag edilişi bilen deňeşdirýärler. Eger gurbaga sowuk suwda goýlup, suw ýuwaş-ýuwaşdan gyzdyrylyp başlansa, gurbaga suwuň ýylaýanlygyna meýmiräp özüniň suwda gaýnamagyna ýol berýär. Gorbaçýow öz gazanynyň astyndaky ody özi tutaşdyrdymy?

Maikal Meýer: Meniň pikirimçe, bu gaty gowy we ýerlikli bir analogiki deňeşdirmedir. Hakykatda 1988-nji ýylyň dekabr aýynda Weňgriýanyň premýer-ministri Mikloş Nemeth bilen duşuşanymda, meniň özüm hem bu deňeşdirmeden peýdalanypdym.

Jenap Nemeth şu mahal gaýnap duran gazanyň gapagyny Gorbaçýowyň özüniň açanlygyny we şol gapagy onuň gaýdyp ýapyp bilmänligini aýdypdy. Esasy sorag: ýolbaşçylar hakykatdan hem suwuň gyzyanlygyna göz ýetirýärmidi? Meniň pikirimçe, ýok. Men bu mesele hakda Gorbaçýowyň özi hemem Nemeth bilen söhbetdeş bolupdym. Nemethiň maňa aýdan bir sözi bar. Gorbaçýow bu herekete başlanda, onuň kommunizmiň dargamagyna sebäp boljakdygyny pikir etmeýärdi. Ol kommunizmiň genial we hakyky bir sistemadygyna ynanýardy.

Azatlyk Radiosy: Alymlaryň köpüsi Polşada kommunistik režimiň raýdaşlyk hereketiniň çäginde jemlenişen oppozisiýanyň we katolik buthananyň basyşy, Wengriýada bolsa Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda dörän düşünişmezlikler, Çehoslowakiýada Gawel ýaly adamlaryň ýolbaşçylygynda halk tarapyndan edilen basyş zerarly darganlygyny tassyklaýarlar, bu meselede olar pikirdeş. Siziň pikiriňizçe, kommunizm rewolýusiýa arkaly dargadymy ýa-da ewolýusiýa arkaly?

Maikal Meýer: Esasanam biz, amerikalylar, halkyň aýaga galyp gündogar Ýewropadaky bu özgerişilige sebäp bolanlygyny pikir edýäris. Emma köp ýerde bu özgerişlikler ýokardan amala aşyryldy. Meselem, Wengriýada kommunistik partiýanyň ýolbaşçylary, esasanam partiýanyň ýaş agzalarynyň arasynda ylalaşmazlyklar bardy. Olaryň ählisi demokratiýa barada gürrüň edýärdiler. Olaryň gürrüňini edýän demokratiýasy gaty düýpli bolup, syýasy azatlyklar bilen ykdysadyýetiň hökümet tarapyndan kontrol edilmeginiň arasyndaky deňagramlylyk ýaly meseleleri-de öz içine alýardy.

Ýagdaý günbe-günden özgerip barýardy. Polşada bolsa ähli adamlar, hatda kommunistik partiýanyň wekilleri-de, “Raýdaşlygyň” agzasydy. Ýeri gelende, “Raýdaşlyk” oppozision hereket, käbir ýagdaýda bolsa “Kärdeşler arkalaşygy” diýlip hasaplanylýardy.

Has anygrak aýdylanda, “Raýdaşlyk” ýurtdaky ähli syýasy güýçleriň we jemgyýetiň sesi hökmünde ykrar edilýärdi. Kommunistik partiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň käbirleriniň aýallary-da raýdaşlygyň agzasy bolup, şol adamlar bu hereketiň öňe sürýän ähli talaplary bilen-de ylalaşýardylar. Saylawlar geçirmek baradaky teklip hatda general Ýaruzelskiý tarapyndan öňe sürüldi. Ses berlişigiň geçirilmegini teklip eden “Raýdaşlyk” däldi. Oppozisiýa bilen tegelek stol gepleşigini geçirmek baradaky teklibi orta atan hem şol generaldy. Sebäbi düzgüniň talaba görä işlemeýänligine göz ýetirilip başlanypdy we buýrugyň Moskwadan gelmeýänligi we şunlukda bu onuň üçin ýolbaşçylygy öz eline almaga pursatdy. Elbetde, siziň aýdýan pikiriňiz dogry. Kommunizmiň çökmegine sebäp bolan zat diňe ykdysadyýet däl.

Azatlyk Radiosy: Berlinde bolmagyna garaşylýan wakalar baradaky maglumat 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen metbugat ýygnagynda ilki bilen Germaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Gunter Sçabowskiniň agzyndan sypypdy. Şonda ol erkin, emma döwlet kontrollygyndaky halka, Günbatar Germaniýa sapar etmäge ertirden başlap ýol beriljekdigini aýtmagyň deregine derhal rugsat ediler diýipdi. Munuň yz ýany bilen müňlerçe adam diwara tarap ugradylar. Siz şol mahal Gündogar Berlindediňiz, ondan soňra nämeler boldy?

Maikal Meýer: Sçabowski öýüne gitdi, beýleki ýolbaşçylar hem gowy görýän aýallarynyň ýanyna dolandylar we liderlerden käbirleri bolsa opera tomaşa etmäge gitdiler. Ýagny, döwletiň gelejegi krizis astynda bolan şol wagt, ýolbaşçylardan hiç biri öýünde däldi. Ýokardan buýruk bolmansoň, Bornholmer gapysyndaky esgerler-de derwezäni açdylar.

Men Çarli diýlip atlandyrylýan serhet geçelgesiniň gündogarynda, şol harby merkeziň ýolbaşçysynyň özüni alyp barşyna seredýärdim. Ol “aý bolýar-da” diýen ýaly hereket edip, “gapyny açyň” diýdi. Ine şol mahal hem taryh ýazyldy. Ondan soňra-da diwar ýykyldy.

Ertesi gün maňa Germaniýanyň Nýu Ýorkdaky konsuly şeýle diýdi “Seret, eger bu gapynyň açylmagy hökümetiň kanuny we düzgünleri esasynda amala aşyrylan bolsa, nähili bolardy? Onda režim gahryman diýlip hasaplanardy. Hökümete alkyş aýdylardy. Gündogar Germaniýalylar Günbatara geçmek üçin pasportyna möhür basdyrmaga nobata durup başlardylar. Wiza almak üçin ýüzlenerdiler we şunlukda, olar kanuna we düzgüne laýyklykda Günbatara sapar ederdiler” diýdi.

Ol şeýle ýagdaýda Berlin diwarynyň şol mahalky ýykylyşy ýaly ýykylmazlygynyň mümkindigini aýratyn belledi. Şeýle-de ol bu özgerişlik, rewolýusiýa arkaly däl-de, eýse ewolýusiýa arkaly bolardy. Eger hemme zat düzgüne görä amala aşyrylan bolsady, belkem Gündogar Germaniýanyň şu gün hem kartada saklanyp galmagy mümkindi” diýdi.

Azatlyk Radiosy: Täze ele salnan dokumentlerden belli bolşuna görä, Fransiýa bilen Britaniýa şol mahal Germaniýanyň birleşmegini goldamaýar eken. Käbir Günbatar Germaniýaly ýolbaşçylar hem bu pikiri o diýen goldap duranok ekenler. Şeýle ýagdaýda, Gorbaçýow ýaly, Günbatar liderleri hem başlanan hereketiň öňünde çäresiz galdylarmy? Birleşen Ştatlaryň bu baradaky pozisiýasy nämeden ybaratdy?

Maikal Meýer: 1989-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, iýul aýyna çenli Birleşen Ştatlaryň şol wagtky prezidenti uly Jorj Buş gündogar bilen öz aragatnaşygyny doňdurdy. Olar asla garaşylmadyk bir waka şaýat boldular. Waşingtonyň syýasaty 1989-njy ýylda Jorj Buş Polşa we Wengriýa sapar edýänçä üýtgemedi.

Jorj Buşuň şol wagtky ýokary derejeli maslahatçylaryndan biri şol mahal bu wakalaryň Waşingtony göýä ukudan oýandyrandygyny we şonuň üçin Jorj Buşuň şol ýurtlara sapar edenligini maňa beren maglumatynda aýtdy.

Şondan soňra Amerikanyň syýasaty gaty üýtgedi, hatda Waşington hakyky döwlet ýolbaşçysy roluny öz üstüne alyp, Germaniýany birleşdirmek prosesine hem aktiw gatnaşyp başlady. Bu gaty gowy bir ädimdi.

Siziň aýdýanyňyz dogry, Britaniýanyň şol wagtky premýer-ministri Margaret Tetçer Germaniýanyň birleşmeginiň tarapdary däldi. Fransiýanyň şol wagtky prezidenti Fransua Mitteranyň bu baradaky pikiri-de Tetçeriňkiden tapawutly däldi.

Emma, muňa garamazdan, Buş bu meseläni öz eline aldy, Amerika bu meselä aralaşmadyk bolsa, Germaniýanyň birleşmegi, belki mümkin bolmazdy.

Azatlyk Radiosy: Siz 1988-nji we 89-njy ýyllarda tutuş regiona sapar etdiňiz. Şol ýurtlarda Azatlyk Radiosynyň gepleşikleriniň ähmiýeti nämeden ybaratdy?

Maikal Meýer: Ähmiýeti gaty uludy, siz jogapkärçiligiň we dogruçyllygyň sesi diýlip hasaplanýardyňyz. Siziň sesiňiz her ýerde eşidilýärdi. Pozitiw aladaňyz boýunça siziň tolkunlaryňyza böwet basmaga synanyşylýardy.

“Newsweek” 1989-njy ýylda Çauşesku bilen iki sagatlyk interwýu geçirdi. Azatlyk Radiosy şol interwýunyň mazmunyny efire beripdi. 1989-njy ýylyň dekabar aýynda Rumyniýa gaýtadan baranymda, Interkontinental myhmanhanasynda galdym. Ertesi gün irden turup, myhmanhanadan daşary çykanymda, gapynyň öňünde duran gizlin gullugyň iki işgäri ýanyma geldi. Olardan biri maňa “Jenap Meýer, siz “Newsweek-de” gaty gowy makala çap etdiňiz, bu resmi taýdan döwlet syry diýlip yglan edildi” diýdi.

Bu makalanyň çap edilmegini olaryň bilmekleriniň bir sebäbi-de Azatlyk Radiosy ekeni, çünki siziň gepleşikleriňiz diňe gündogar blokda däl, Rumyniýada-da giňden eşidilýärdi we şol regionlarda daşary ýurtlarda näme bolup geçýänligine halk o diýen göz ýetirmeýärdi. Siz dogruçyllygyň ýetmezçilik eden şol döwründe, güýçlülere hakykaty aýdýardyňyz.
XS
SM
MD
LG