Sepleriň elýeterliligi

Şu günler Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde, aýratynam, paýtagtymyzda maşyn sürüp ýören zenanlara duşýarsyň. Olaryň arasynda on sekiz-ýigrimi ýaşly ýaş gyzlaram, ýaşy kyrk-ellä ser uran, başlary ýaglykly aýallaram bar.

Ilat ilkibada beýle nysagy geňledi. Ýöne uzagy bilen öwrenişdi. Dogrusy, häzir kaşaň maşynlary sürüp barýan gözel gyzlary göreniňde, birhili, olara guwanýarsyň. Türkmen zenanlaram hiç bir milletiň zenanlaryndan kem däl-ow diýip, begenýärsiň.

«Zenanlar maşyny gorka sürýär. Şonuň üçinem ýollarda, köçelerde çylşyrymly ýagdaýlar emele gelýär» diýýänler tapylýar. Aýal-gyzlaryň maşyn sürşi erkek kişileriňkiden görnetin tapawutly. Olar haýal sürýär.

Dünýä siwilizasiýasynyň bir gyrasyndan girip ugran Türkmenistanda, näme üçindir, zenanlaryň maşyn sürüp ýörüşleri halanmady. Özem hökümet derejesinde. Hökümet derejesinde aýal-gyzlara maşyn sürmegi gadagan etseler, gülkünç ýagdaýa düşüljek. Sebäbi Saud Arabystany, Kuweýt ýaly diniň kada-kanunlary berk tutulýan yslam döwletlerinde-de aýal-gyzlar arkaýyn maşyn sürüp bilýärler.

Türkmenistanda aýal-gyzlara maşyn sürmegi gadagan etmek üçin azda-kände çykalga tapyldy. Orta mekdepleriň, ýörite orta mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň maşyn sürüp ýören zenan mugallymlaryna maşyn sürmek gadagan edildi. Mugallymlaryň bu buýruga boýun bolmakdan başga alaçlary galmady. Buýruk hökümlidi. Razy bolmadyklar arzasyny ýazyp, işden gidibermelidi.

Umuman, her dürli gülkünç gadagançylyklar mugallymlary, talyplary, okuwçylary halys kejikdirdi. Şu meselede aýratynam aýal-gyzlar kän kemsidilýär. Mysal üçin, talyp gyzlar hökman saçyny iki örüp, döşüniň üstünden goýbermeli. Kellesine hökman tahýa geýmeli. Köýnekleri ýakaly bolmaly. Şeýdip, türkmençiligi saklamak isleýärler.

Dogry, mugallymlar, aýratynam zenan mugallymlar okuwçylaryna görelde bolmaly. Ýöne maşyn sürmegiň näme üçin ýaramaz görelde hasaplanýanlygyna welin hiç kimiň akyly çatanok.

Çoluk Möwlamow Aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG