Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Ýakyn gündogaryň parahatçylygy boýunça Waşington has uly rol oýnamaly


Sirýanyň prezidenti fransiýaly bir gazete beren interwýusynda, Ýakyn gündogaryň parahatçylygy boýunça Birleşen Ştatlaryň pozisiýasynyň gaty gowşakdygyny aýdyp, Waşington bu meselä üns bermeli diýdi.

Başar-ul-Asad bu pikirini fransiýanyň Le Figaro gazetine beren interwýusynda öňe sürdi. Şonda ol, Ýakyn gündogarda parahatçylygyň ornaşdyrylmagy üçin gepleşikleriň gaýtadan başlanmagy barada Barak Obamanyň hereket planyny yglan etmelidigini hem aýtdy.

Ol mart aýyndan bäri Birleşen Ştatlary bilen Siriýanyň ýokary derejeli diplomatlarynyň arasynda geçirilen gepleşiklere garamazdan, bu iki ýurduň arasynda gaýtadan ynam döretmek boýunça o diýen uly ösüşiň bolmanlygyny hem belledi.
XS
SM
MD
LG