Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň çepçi partiýasynyň ýolbaşçysy tussag edildi


Habarlardan mälim bolşuna görä, Orsýetiň Milli Bolşewik Partiýasynyň lideri Edward Limonow rus resmileri tarapyndan tussag edildi.

Limonowyň ýarany Aleksander Awerin Eho Moskwy Radiosyna beren interwýusynda, Limonowa bikanun demonistrasiýa geçirenligi üçin 10 ýyl berlenligini aýtdy.

Ol Limonowa bu jezanyň haçan berlenligi barada anyk maglumat bermedi.

Emma Moskwada geçirilýän bikanun demonistrasiýa gatnaşmaga synanyşanlygy üçin 31 oktýabrda 50 töweregi oppozision aktiwisti, şol sanda Limonow tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG