Sepleriň elýeterliligi

Metbugat azatlygy guramasy Bakuwy tankyt etdi


Düýbi Parižde ýerleşýän serhetsiz reportýorlar guramasy iki Azeri blogçylaryna berlen jezany berk tankyt etdi.

Şol aktiwistler metbugat ýygnagyny geçirýän bir eşegiň ýazgysyny internetde goýupdylar.

Ady agzalýan gurama tarapyndan ýaýradylan şol beýanatda, azeri aktiwistler bilen bagly geçirilen sudyň şol blogçylary dymdyrmak makasady bilen geçirlenligi öňe sürülýär.

Azerbeýjanyň paýtagty Bakuwda ýerleşýän bir naharhanada bolan çaknaşyk bilen bagly 26 ýaşyndaky Adnan Hajizade we 30 ýaşly Emin Milli başbozarşykda aýyplanyp çarşenbe güni tussag edilipdi.

Hajizada iki ýyl we Millä bolsa 2.5 ýyl berildi.
XS
SM
MD
LG