Sepleriň elýeterliligi

Obama Ýaponiýa barýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu gün Ýaponiýanyň paýtagty Tokio barýar. Obama 9 günlük bu saparynyň dowamynda Aziýada ýerleşýän ençeme ýurtlara barar.

Ýaponianyň premýer ministri Ýukio Hatoýama bilen Obamanyň arasynda boljak duşuşykda, Hytaýyň güýçlenip barýan ykdysayýeti, tebigatyň üýtgemegi we howpsuzlyk bilen bagly meselelere garalar.

Bu iki ýurduň aragatnaşygy Ýaponiýada ýerleşýän amerikan harby bazasy zerarly sowapdy, Hatoýama Okinawa adasynda ýerleşýän bu bazanyň ýapylmagyny talap edýär.

Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, iki lider esasanam howa giňişligine goýberilýän zäherli gazyň möçberiniň 2050-nji ýyla çenli 80 prosent azaltmak barada karar kabul ederler.
XS
SM
MD
LG