Sepleriň elýeterliligi

Forbese görä dünýäniň iň güýçli adamlary


Forbese görä, birinji orny eýeleýän Amerikan prezidenti Barak Obamadan soň Hytaý prezidenti Hu Jintao gelýär.

Forbese görä, birinji orny eýeleýän Amerikan prezidenti Barak Obamadan soň Hytaý prezidenti Hu Jintao gelýär.

Media guramasy Forbesiň dünýäniň iň baý adamlary baradaky sanawlaryny köpler bilýän bolsa gerek. Forbes indi dünýäniň iň gurply ýa güýç-gudratly adamlary barada hem sanaw çykaryp ugrady.

“Güýç-gudraty” nädip kesgitläp bolar? Mysal üçin, bir dini ýolbaşçynyň ruhy güýji ýa täsirini bir döwlet baştutanynyň wagtlaýyn güýç-gudraty bilen deňäp bolarmy?

Forbes bu problema barada köp oýlanyp, iň soňunda hem dört ölçegden ugur alandygyny belleýär. Birinjiden, olar köp adamlara täsir edip bilýärmi? Ikinjiden, düýpli maliýe baýlyklaryna erk edýärmi? Üçünjiden, dürli sferalarda güýçlümi? Dördünjiden, öz güýç-gudratyndan işjeň peýdalanýarmy?

Bu ölçegler täsin netijelere getirýär. Mysal üçin, amerikan Wal-Mart supermarket toplumynyň prezidenti Michael Duke dünýäde iň güýçli adamlaryň arasynda sekizinji.

Ors prezidenti Dmitriý Medwedew bolsa, ondan 35 orun yzda. 43-nji orunda durýan Medwedew premýer-ministriň orunbasary Igor Seçinden hem bir orun yzda.

Premýer-ministr Wladimir Putiniň ýakyn ýarany, kämahallar Kremldäki elhenç şahsyýet diýip häsiýetlendirilýän Seçin Forbesiň ölçegi boýunça 42-nji orunda durmak bilen Orsýetde ikinji ýeri eýeleýär. Putin hem tutuş sanawda üçünji orny eýeleýär.

Birinji orny eýeleýän Amerikan prezidenti Barak Obamadan soň Hytaý prezidenti Hu Jintao gelýär. Bu hem syýasy kommentatorlaryň indi Hytaýa dünýäniň ýalňyz ägirt güýji Birleşen Ştatlaryň ýeke-täk hakyky bäsdeşi diýip garaýandyklaryny görkezýär.

Sanawdaky jedelli atlaryň biri meksikaly neşe hojaýyny Joakuin Guzman. Baýlygy 1 milliard dollar töweregi diýip çaklanylýan Guzman Sinaloa karteliniň başlygy. Üstümizdäki ýylyň başynda Forbes Guzmany milliarderler sanawyna goşanda Meksika ol kanuny ýol bilen pul gazanan adam däl diýip, nägilelik bildirdi. Jedele sebäp bolmagy mümkin ýene bir at-da terror guramasy Al-Kaýdanyň başlygy Osama bin Laden. Ol agzal sanawda 37-nji orunda.

Bin Ladeniň yz ýanyndan Pakistanyň premýer-ministri Seýed Ýousef Gilani we Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatollah Ali Hameneýi gelýär.

Aýallaryň arasynda iň ýokary orny eýeleýän Alman Kansleri Angela Merkel. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton ondan iki orun yzda.
XS
SM
MD
LG