Sepleriň elýeterliligi

Türkmenler Gaýgysyz Atabaýewi unutmaýarlar


1993-nji ýylda Atabaýewiň Aşgabatdaky ýadygärligi ýykylyp, onuň ýerinde prezident köşgi guruldy.

1993-nji ýylda Atabaýewiň Aşgabatdaky ýadygärligi ýykylyp, onuň ýerinde prezident köşgi guruldy.

1965-nji ýylda Moskwada Berdi Kerbabaýewiň Gaýgysyz Atabaýew barada “Gudrat bilen dörän” romany çap edildi. Dogrusyny aýtsak, şol ýyllar milli respublikalaryň Stalin repressiýasyna sezewar edilen hem soň aklanan ýolbaşçylaryna onçakly gyzyklanma-da ýokdy.

Roman Türkmenistanda türkmen dilinde “Gaýgysyz Atabaý” diýen at bilen neşir edildi. Şondan 23 ýyl soň Ýuriý Paporowyň Moskwada Gaýgysyz Atabaýew baradky “Omür hem ýalyn” atly kitaby çap edildi. Ol bu legendar gahryman barada dokumental powest. Gynandyrýan ýeri, şol Üýtgedip gurmak ýyllarynda-da Orsýetde beýleki sowet respublikalarynda bolan hem bolýan ýagdaýlara onçakly üns berilmeýärdi, Paporowyň kitaby-da giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekip bilmedi.

Aslyýetinde Gaýgysyz Atabaýewiň şahsyýeti diňe bir Türkmenistanyň taryhy, türkmen döwletiniň döremegi bilen çäklenmeýär. Ol tutuş Merkezi Aziýada görnükli şahsyýet. Ýöne Atabaýewiň ömri hem işi heniz ýeterlik derejede öwrenilmedik.

Atabaýew 1912-18-nji ýyllarda Maryda bankda işläpdir. Göräýmäge, ol ýönekeý hasapçy, buhgalter.Onuň bu ýerde alyp baran işlerini öwrenmek geljegiň işi. Sebäbi bu ýerdäki bank Eýran hem Owganystan bilen söwda gatnaşyklarynda möhüm rol oýnan Merkezi Aziýadaky möhüm maliýe edaralarynyň biri bolupdyr. Atabaýew diňe bir bank işgäri däl, Orsýet imperiýasy üçin resmi terjimeçem bolupdyr.

1922-nji ýylyň oktýabrynda ol Bütinrussiýa Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň guramaçylyk komitetine çagyrylýar. Şol ýerde ol Fergana frontunyň baştutany hökmünde Fergana jülgesinde basmaçylara garşy alnyp barylýan göreş barada doklad edýär. Şondan soň ol ähli wezipelerinden boşadylýar. Meseläniň gümürtik ýeri doklada gowşak diýlip baha berlipdir hem Atabaýew basmaçylar toparynyň ýolbaşçysy Bahram kurbaşa liberal garaýşy üçin tankyt edilipdir. Şeýle ýagdýda ol partiýa biletinden mahrum bolup, suduň öňünde jogap bermeli ýaly. Ýöne şol wagt ol W.I.Leniniň teklip etmegi bilen Milletleriň işi boýunça Halk komissarlygynyň býuro agzasy bolýar. Guramaçylyk komitetinde nämeleriň bolup geçeni häzire çenli belli däl.

Ýene bir ünsi özüne çekýän pursat: 1934-nji ýylda Sowet Türkmenistanynyň intelligensiýasynyň birinji gurultaýy bolýar. Oňa gatnaşyjylaryň aglaba bölegi döredijilik intelligensiýanyň wekilleri hem partiýa agzalarydy. Şol wagt Atabaýew Halk Komissarlar Sowetiniň başlygydy. Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Orsýet imperiýasyna kolonial garaşly bolandygy, ýöne Türkmenistanyň öz taryhynyň, medeniýetiniň we beýlekileriniň bardygy, gysgaça aýdylanda, milli ruhy götermek barada Gurultaýda gürrüň edilipdir. Gurultaý Moskwanyň ünsüni özüne çekýär. Ol Atabaýewiň ömründe özboluşly tragik rol oýnaýar.

1925-37-nji ýyllar aralygynda, Atabaýewiň hökümet başlygy bolan döwri, respublikanyň ýolbaşçylygyna ýerli kadrlary çekmek, olary ýetişdirmek meselesine uly ähmiýet berlipdir, netijede respublikanyň ýokary partiýa ýolbaşçylarynyň arasynda toparlanyşyklar emele gelipdir. Ýerli kadrlaryň rolunyň ýokarlanmagyndan Moskwada ätiýaçlyk artypdyr. Atabaýewiň Türkmenistanda amala aşyrmak islän sosial-ykdysady proýektlerine-de ýokarda gyýa göz bilen seredilip başlanylýar. 1936-37-nji ýyllarda Sowet Soýuzynda düýpli repressiýalar başlananda, G.Atabaýew Kompartiýanyň ýolbaşçylarynyň gara sanawyna düşüpdir.

1937-nji ýylyň 2-nji iýulynda TK (b)P-niň MK -nyň býurosy Gaýgysyz Atabaýewiň we MIK-iň başlygy Nedirbaý Aýtakowyň MIK-iň nobatdaky sessiýasyna gatnaşmagy barasynda karar kabul edipdir. Ýöne şol wizit barasynda çeper eserlerde, dokumentlerde gaty az maglumat bar. Atabaýew özi bilen işleşen egindeşlerini goramak hem goldamak üçin Moskwa gidipdir. Onuň myhmanhanda ýa Ýežowyň kabulhanasynda tussag astyna alnandygy şu wagta çenli belli däl. Ol 1937-nji ýylyň 3-nji awgustynda MK-nyň býurosynyň agzalygyndan hem MIK-iň düzüminden çykarylypdyr, halk duşmany hökmünde partiýadan öçürilipdir. Ol özüniň garaşsyz durmuş orny hem erki, iň esasy Türkmenistanda dürli gatlaklaryň arasynda aşa abraýy hem meşhurlygy bilen Moskwa howp döredipdir.

1937-nji ýylyň noýabrynda SSSR Içeri işler Halk Komissarlygynyň Ýokary sudunyň harby kollegiýasyna tabşyrylmaly adamlaryň teklip edilýän sanawyny Molotow, Woroşilow, Stalin, Kaganowiç, Ždanow tassyklapdyrlar. Şol sanaw birinji kategoriýa atlandyrylyp, iş ýüzünde atylmaly adamlary aňladypdyr. Şeýlelikde eýýäm noýabr aýynda Gaýgysyz Atabaýewiň ykbaly çözülipdir. Bu bolsa Türkmenistanyň ýolbaşçylarynynyň arasynda arassalaýyş-çistka prosesiniň başlanandygyny aňladýardy. Şol prosesde iň esasy adam –Gaýgysyz Atabaýewdi.

1993-nji ýylda Atabaýewiň Aşgabatdaky ýadygärligi ýykylyp, onuň ýerinde prezident köşgi guruldy. Nähak unudylan adam üçin taryh ar alýar. Atabaýew türkmen döwletiniň düýbüni tutan adamlaryň biri. Ol milli kadrlaryň kemala gelmeginiň gözbaşynda durupdy. Ol ylmyň arkadaýanjy bolupdy. Türkmen taryhy boýunça görnükli alymlaryň biri Karpow bilen ýakyn gatnaşykdady. Ony goldaýardy. Atabaýew atylanda, Karpow Atabaýewiň portretini otlamandyr, ýok etmändir, gizläp saklapdyr.

Emma Nyýazow onuň ýadygärligini ýer bilen ýegsan etdi. Şahsyýet kulty höküm sürýän režimden şeýle herekete garaşmak mümkin. Ýöne türkmenler ýakyn taryhyndaky şöhratly ogullaryny unutmaýarlar.

Artýom Ulunýan Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy Taryh institutynyň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, professor. Şu maglumatda öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG