Sepleriň elýeterliligi

"H1N1 kesellilere gyssagly derman bermeli"


Belarusdaky dermanhana, 5-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Belarusdaky dermanhana, 5-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Bütindünýä saglyk guramasy doktorlary doňuz dümewi degen adamlara uzaga çekdirmän, wirusa garşy derman bermeklige çagyrdy.

Gurama şeýle hem özüniň bu keseliň giň ýaýran ýurtlaryna Tamiflu we Relenza ýaly wirusa garşy dermanlary iberýändigini aýtdy. Bu ýurtlar Owganystan, Azerbeýjan, Belarus, Gyrgyzystan, Ukraina we Mongoliýa.

Bütindünýä saglyk guramasy ozal doktorlara wirusa garşy derman bermezden öň näsaglarda doňuz dümewi wirusynyň bardygyny ilki laboratoriýalarda synag arkaly anyklamagy ündäpdi. Ýöne gurama düýn, 12-nji noýabrda: “Gazanylan tejribelere görä, laboratoriýa synaglaryna garaşmaklygyň howply netijelere getirmegi mümkin” diýen habary ýaýratdy.

“Doňuz dümewi degmegi mümkin toparlara degişli adamlarda bu dümewiň simptomlary görlen badyna wirusa garşy derman berilmeli. Bular göwreli aýallar, ýaşy ikiden aşakdaky çagalar we demgysmaly adamlar” diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň global influens programmasynyň medisina işgäri doktor Nikki Şindo aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu topara degişli bolmadyklar birki gün garaşsalar hem bolar: “Bu topara degişli adamlara hem keseliň simptomlary peselmän, ýaramazlaşan ýagdaýynda wirusa garşy derman berilmeli. Üç günden uzaga çeken dem alma kynçylygy we gyzgynyň ýokary derejede saklanmagy – bu simptoma degişli” diýip, Şindo tassyklaýar.

Ejir çekýän ýurtlar

Doňuz dümewinden häzir hemmeden köp ejir çekýän ýurtlar adaty ýagdaýda-da medisina sistemasy güýçli ýurtlar däl. Şol sebäpden hem dümew gegen adamlaryň köpelmegi bilen bu gowşak sistema çagşady.

Şindo Bütindünýä saglyk Guramasynyň alty ýurda goşmaça wirusa garşy derman iberendigini belledi: “Biz ýaňy golaýda Owganystan, Mongoliýa, Belarus, Ukraina derman iberdik. Indi hem Azerbeýjan we Gyrgyzystana iberjek bolup ýörüs”.

Ol näsaglar merkezi keselhanalara gelmeli bolmaz ýaly ähli ýurtlary wirusa garşy dermanlary hemme regionlara ýetirmeklige çagyrdy: “Biziň berjek ýene bir maslahatymyz: doktorlar näsaglara wirusa garşy derman ýazar ýaly bu dermanlaryň hemme ýere paýlanmagydyr. Wirusa garşy derman ýazdyrjak bolup, dümewlänler merkezi keselhanalara gelmeli bolmasynlar”.

Doňuz dümewi ilkinji gezek şu ýylyň başlarynda görleli bäri bütin dünýä ýaýrady. Ol häzir dümewiň hemme ýerde agdyklyk edýän formasy bolup durýar. Ýaman tarapy hem onuň adaty dümewiň tersine, ýaşlara we sagat adamlara-da degýänligidir.
XS
SM
MD
LG