Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türmesinde oturanyň goşgusy


1933-nji ýylda doglan ýazyjy Ýusup Haýydow 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy diýilýäni bilen bagly Aşgabat şäher sudy tarapyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Ol 2007-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen azatlyga çykarylýar.

Ýusup Haýydow türmede üç sany poema ýazypdyr. Olaryň atlary “Çopanata”, “Babadaýhan” hem “Mirap”. Türme işgärleri ol kitaby ýok edenlerinden soňra, soňky döreden goşgularyny ýat bekläpdir.

Ýusup Haýydowyň türmede ýazan goşgularyndan bir bölek.

Sesi türmä düşen gökdäki durna,
Mawy asman, aý-gün barmy, habar ber!
Gojalan ýüregim zulumdan gyrma,
Zyndan kimin dünýä darmy, habar ber!

Gyş ýyljaga, ýaz salkyna mätäç men,
Ysgyn-mydarym ýok, dowamat aç men!
Et-ganym dökülip, gury agaç men,
Özgeler-de nana zarmy, habar ber!

Ýykylandyr alysdaky harabam,
Gözlerimden akýar ahmyr şerebäm,
Obada-şäherde köpdür neberäm,
Olar menden bihabarmy, habar ber!

Ölýänler bar, menem çala dirisi,
Ejiz men, ýagylar dagyň börüsi,
Dünýädäki adamlaryň birisi,
Heý, maňa-da howandarmy , habar ber!

Hak-hukuk gürrüňi durkuna galat,
Daşym tikenli sim, ýüzlerçe gulaç,
Iki gyşdan çykdym aýaklaňaç,
Mundan çyksam buzmy-garmy, habar ber!

Ýesirleriň tükenmezdir kyssasy,
Gabyra sygmaz ejemiň gam-gussasy,
Depesinde zogdurylyp tüssesi,
Käte ýalyn çabryýarmy, habar ber!
XS
SM
MD
LG