Sepleriň elýeterliligi

Ilki gaýgy-gama batan Türkmenistanyň senzurasynyň işgärleri ýolbaşçylary sylag alanyndan soň, birneme köşeşdiler.

Taryhda ýagşylykda-da galyp bolýar, ýamanlykda-da. Her döwrüň öz taryhy bar. Taryhy şahslary bar. Şahsyýetlerem her hili. Ýowuz şahsyýetler, gowy şahsyýetler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny gorap saklamak baradaky Komitetiň işgärlerini-de haýyrsyz şahsyýetleriň hataryna goşasyň gelýär. Olaryň türkmen žurnalistikasynyň iň pes derejä ýetmeginde uly «hyzmaty» bar. Radiodyr telewideniýäniň, gazetdir žurnallaryň ýolbaşçylary olaryň irginsizlik bilen jaň edip, «düşündiriş» işlerini geçirmeginden ulukjyn açdylar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary senzuranyň işgärleriniň her gezekki profilaktikasyndan soň, bir topar awtoryny ýitirýärler, diňe suwjuk, ýöntem makalalary bermäge mejbur bolýarlar. Senzura Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstünden gamçysyny bulap gelýär.

Soňky döwürde çäklendirmeler ýetjek derejesine ýetdi. Indi olar öz göwnünden turmaýan, üýni almaýan žurnalistlere-de öz-özünden çäklendirmeler girizip başladylar. Olaryň beýle ygtyýarlyklary nireden alýanyny bilýän ýok. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň käbir ýolbaşçylary döwlet syrlaryny gorap saklamak baradaky Komitetiň işgärleriniň çalarak gaňyrşyna gaýdaýdyklary, şol günüň özünde olar Ministrler Kabinetinde düşündiriş ýazyp gaýdýarlar.

Gadagançylyk gutaranok

Ozalky prezident ýurduny täzelänsoň, Nyýazowyň döwründe gadagan edilen käbir ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler döwlet syrlaryny gorap saklamak baradaky Komitetiň ýolbaşçylarynyň ýanyna baryp, olar bilen düşünişjek boldular, özlerine girizilen nähak gadagançylyklary ýatyrtmak islediler.

Türkmenistanyň belli hem-de ýaşuly ýazyjylary olaryň ýanyna şeýle niýet bilen baranlardy. Bu edaranyň ýolbaşçylary olaryň hemmesini hoş sözden doýrup goýberipdiler. «Size hiç hili çäklendirme ýok. Islän metbugatyňyzda çykyş ediberiň» diýip, olary hajyk-hujuk bilen aldap goýberipdiler. Olar kabinetinden çykandanam köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýekän-ýekän jaň edişip: «Pylan ýazyjylary töweregiňize getiräýmäň» diýip, berkden-berk buýrupdylar.

Gynansak-da, metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny gorap saklamak baradaky komitetiň işgärleri ömürlerini senzurada geçirse-de, žurnalistika žanryna-da, çeper edebiýata-da, sungatyň görnüşlerine-de düşünenoklar. Olaryň çala sowatlygy gürrüňi edilýän žanrlaryň ýigrimi ýylyň içinde sowet döwründäkidenem ep-esli derejede pese düşmegine getirdi.

Türkmen metbugatynda wraçlar, mugallymlar, prokurorlar, sudýalar, polisiýa işgärleri, neşekeşler, arakkeşler…barada, şeýle hem olar bilen baglanyşykly degişmeler, olaryň durmuşynyň nogsanly taraplary barada hekaýadyr goşgy-da ýazmak bolanok. Gadagançylyk girizýänem senzuranyň işgärleri. Olar bu edýän işleriniň sebäbini düşündirjegem bolanoklar, düşündirmek islänoklaram. Megerem, delillendirip düşündiribem bilmezler.

Senzuranyň işgärlerine ynam gaçdymyka?

Galkynyş zamanasynyň başlanmagy bilen, nämüçindir, radio-telewideniýedir gazet-žurnallaryň materiallaryny senzuradan soň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri okap başladylar. Beýle ýagdaý ne sowet döwründe, ne-de Türkmenbaşynyň döwründe görlüp-eşidilipdi.

Bu ýagdaý senzuranyň işgärlerine agyr degdi. Aýtmasyz syr bolsa-da, bu wakany olar dost-ýarlarynyň, tanyş-bilişleriniň ýanynda dillerinden sypdyryp başladylar. Olar: “Biziň edaramyzy ýapjak bolýalar öýdýän, çagajyklarymyzy çörekden goýjak bolýalar öýdýän. Indi bize ynanman, yzymyzdan Milli howpsuzlyk ministrliginiň jansyzlaryna okadýalar. Ynanman gaçypdyrys. Senzura senzura girizýärler” diýip, gam-gussa batypdylar.

Täzelikde senzura işgärleriniň ýüzi ýagtyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny gorap saklamak baradaky komitetiň başlygy Kakabaý Ataýew ikinji derejeli “Altyn asyr” ordeni bilen sylaglanyldy.

Bu wakany, özüni watançy, ýurduny her dürli bela-beterlerden gorap saklaýan diýip hasaplaýan Kakabaý Ataýewem, onuň golastyndaky işgärlerem ýagşylyga ýordular. Olar başlyklarynyň bu sylagyny özleriniň işlerine berlen mynasyp baha diýip kabul etdiler. Diýmek, edaralary ýapyljak däl. Arkaýyn işläbermeli. Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleriniň öz yzlaryndan okamaklaryny-da olar ýagşylyga ýordular.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG