Sepleriň elýeterliligi

Owganystan parahor ministrleri sud etmekçi


Owganystanyň baş sudýasy ýurtda korrumpirlenen ministrleri sud etmek üçin ýörite suduň dörediljegini aýdýar.

Eşak Aleko Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde prezident Hamit Kerzeýiň özüne korrupsiýa garşy «çynlakaý çäre görmegi» tabşyrandygyny habar berdi. Ol güman edilýänleriň arasynda käbir ministrleriň hem bardygyny aýtdy.

Bu habar Kerzeýe parahorluga çäre görmek barada edilýän halkara basyşyndan soň ýaýrady.

Awgustda geçen prezident saýlawlarynda bir topar bidüzgünçilik edildi we bu ýagdaý ýurtda çuň ornaşan hökümet korrupsiýasyna ünsi çekdi.
XS
SM
MD
LG