Sepleriň elýeterliligi

Obama we Medwedew Eýranyň ýadro gepleşikleriniň wagtynyň gyssaýandygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly dörän krizisi gepleşikler arkaly çözmek üçin bellenen wagtyň soňlanyp barýandygyny aýtdy.

Obama bu barada şu gün, Singapurda rus prezidenti Dmitiriý Medwedew bilen gürleşenden soň aýtdy. Medwedew hem Orsýetiň Eýran bilen gepleşikleriň gidişinden hoşal däldigini we diskussiýalar netije bermedik ýagdaýynda başga usullaryň hem ulanylyp biljekdigini aýtdy.

Şularalykda Eýran parlamentiniň milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Allaeddin Borujerdi eger Orsýet söz beren S-300 sistemasyny bermese, Eýranyň basym özüniň hem ýokary derejeli raketa gorag sistemasyny öndürip biljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG