Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bir million neşekeş bar


Eýranyň «Hambastegi» gazetiniň şu gün çap eden makalasynda ýurduň neşe maddalaryna garşy göreş gullugynyň başlygy Esmail Ahmedi-Moghaddam Eýranda şu günki gün 930 müň heroin neşekeşiniň bardygyny aýtdy.

Ol bu sanyň üstüne başga neşekeşleri hem goşsak, onda neşekeşleriň umumy sany bir million bolýar diýdi.

Şeýle-de ol Eýranda her ýyl 130 müň adamyň neşekeş bolýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG