Sepleriň elýeterliligi

Abhaziýa Orsýetiň telefon koduny kabul edýär


Gürjüstanyň bölünen Abhaziýa sebiti Orsýetiň halkara telefon koduny kabul etmek arkaly Gürjüstan bilen ýene bir baglanyşygyny kesdi.

Abhaziýa ýekşenbe güni Orsýetiň +7 telefon koduny ulanmagy başlady.

Abhaz lideri Sergeý Bagaşpyň uly kömekçisi Nadir Bitiew Roýters habarlar gullugyna köne koduň hem ýanwara çenli işlejegini aýtdy.

Moskwa geçen ýyl bolan gürji-rus urşuynyň yzysüre Abhaziýany we Gürjüstanyň beýleki bölüniji regiony bolan Günorta Osetiýany garaşsyz ýurt hökmünde ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG