Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda jeňçiler polis stansiýasyna hüjüm etdi


Günorta Owganystandaky polis resmileri güman edilýän jeňçileriň öten agşam Kanaharda polisiýanyň barlag nokadyna hüjüm edendiklerini aýtdy.

Hüjüm mahalynda azyndan üç polis ofiseri öldürilipdir, birnäçesi bolsa ýaralanypdyr.

Ýerli polis işgäri jeňçileriň barlag nokadyna birnäçe tarapdan ok hem garanat bilen hüjüm edendiklerini aýtdy.

Hüjümçiler birnäçe sagada çeken hüjümden soň gaçyp gidipdirler. Olaryň arasynda ölenleriň ýa ýaraly bolanlaryň bardygy belli däl.
XS
SM
MD
LG