Sepleriň elýeterliligi

Rim sammiti dünýädäki açlygy kemeltmegiň ýollaryny gözleýär


Şu gün Italiýanyň paýtagty Rimde dünýäde açlyk jebrini çekýän ýüzlerçe million adama kömek etmegi maksat edinen sammit açyldy.

3 günläp dowam etjek sammite 60 çemesi döwlet baştutany, oba hojalyk ministrleri we beýleki resmiler gatnaşýar.

Bu sammit BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy tarapyndan geçirilýär. Emma muňa agaramazdan, oňa dünýäniň iň ösen senagat ýurtlarynyň 8-liginden diňe Italiýanyň premýer ministri Silwio Berluskoniniň gatanşmagyna garyşylýar.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-Mun sammitiň açylyşynda çykyş edip, Kopenhagende dekabrda boljak klimat özgermesi sammitinde ylalaşyga gelinmegi global açlyga garşy durmakda gaty möhüm diýdi.
XS
SM
MD
LG