Sepleriň elýeterliligi

Ýewropadaky demokratiýa näme howp salýar?


Pragada 14-nji noýabrda Merkezi we Gündogar Ýewropada 1989-njy ýylda giň gerimde amala aşyrylan demokratik rewolýusiýanyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp, konferensiýa geçirildi.

Çehiýa respublikasynyň paýtagty Pragada geçirilen konferensiýada bu konferensiýa gatnaşan käbir intelligensiýa wekilleri jemgyýetdäki ynamsyzlygyň hem-de korrupsiýanyň Ýewropada demokratiýa howp salýandygyny aýdyp, çykyş etdiler.

“Erkin bazar” we “çäksiz açgözlük”

Merkezi Ýewropa meselesi boýunça ekspertler komissiýasynda çykyş eden fransiýaly syýasaty öwreniji alym Žak Rupnik öz çykyşynda kommunizmiň synmagynyň yzy bilen Ýewropada adamlaryň özlerini has azat duýandyklaryny belläp, şeýle diýdi: «Elbetde, biz erkinlige eýe, ol erkinlikde bolsa adamlar ozalkylara garanyňda öz durmuşlaryna keseden has az päsgel berilýändigini duýýarlar. Emma, beýleki tarapdan, adamlaryň hökümete ýa-da jemgyýetçilik işlerine ýetirip bilýän täsirleri welin, gaty az».

Jenap Rupnik Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan adamlaryň sosializm zamanyndan «döwlet – azatlygyň duşmany» diýen garaýşy miras alandyklaryny we şol garaýşyň esasynda-da olaryň köpüsiniň syýasata biparh garaýandyklaryny aýdýar. Onuň pikiriçe, hut şu ýagdaý hem bu ýurtlardaky syýasatçylara «erkin bazar» diýen düşünjäni «ogurlyk we çäksiz açgözlük» diýen düşünjäniň sinonimi hökmünde ulanmaga mümkinçilik beripdir.

Fransiýaly syýasaty öwreniji Žak Rupnik Ýewropadaky syýasy liderleriň köplenç graždan jemgyýetine ýa-da kanunçylyga böwet döredenlerinde «azatlyk» we «erkinlik» ýaly sözlerden peýdalanýandyklaryny belläp: «Bizde demokratiýanyň gabygy bar, institutlaryň gabygy bar, ýöne bu bir boş gabyk. Onuň içindäki maňzy aýrylan. Hawa, biz bazar ykdysadyýetini döretdik, emma olam krizisiň içinde» diýdi.

Liberal gymmatlyklar we korrpupsiýa duzagy

Žak Rupnigiň bu pikiri bilen Polşanyň «Gazýeta Wyborsa» atly gazýetiniň redaktory Adam Miçnik hem ylalaşýar. Hususan-da, ol Kuba, Eýran we Orsýet ýaly awtoritar režimli ýurtlary deňeşdirme hökmünde ulanmak bilen Ýewropada hem syýasy boşlugyň ýerini başga bir zatlaryň doldurandygyny we şol zatlaryň hem Ýewropadaky liberal gymmatlyklara howp salýandygyny öňe sürdi: «Eýe bolnan azatlykda nähili duzak bar? Meniň pikirimçe, ol döwlet strukturasynyň hemişelik bir bölegi bolan korrupsiýa duzagydyr».

Jenap Miçnik bu meselede Orsýetiň awtoritar premýer-ministri Wladimir Putini mysal getirmek bilen onuň döwletiň üstünden sürýän öz agalygyny «özygtyýarly demokratiýa» diýen ýaly şygarlar bilen bezeýändigini aýdýar.

Azatlygyň ganym duşmanlary

Pragadaky konferensiýa gatnaşan orsýetli syýasy analitik Andreý Piontkowskiý hem bu garaýyş bilen ylalaşyp, Orsýetiň häzirki wagt «azatlygyň ganym duşmanlarynyň» eýeçiliginde saklanýandygyny we şolar tarapyndan hem dolandyrylýandygyny belledi. Şeýle hem ol Orsýet babatynda Günbatarda oňyn garaýyşlaryň giň ýaýrandygyny bellemek bilen bu garaýyşlaryň nädogry nukdaýnazara esaslanýandygyny nygtady.

Piontkowskiý şol ýerde şeýle diýdi: «Orsýetdäki döwlet sistemasy öz ümzügini post-senagat açyk jemgyýet ýoluna tarap däl-de, eýse feodalizme tarap tutduryp barýar. Ýagny, bu sistemada ýer eýesi öz wassallaryna paýlan ýerini islendik wagt yzyna alyp bilýär. Häzirki sistemanyň feodalizmden ýeke-täk tapawudy, olam jenap Putiniň paýlaýan we yzyna alýan zady ýer däl-de, gaz we nebit kompaniýalary».

Analitik Piontkowskiý Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Orsýet bilen täzeçe gatnaşyklary ýola goýmak planlary barada-da durup geçip, bu ugurdaky tagallalaryň Orsýetiň ýolbaşçylaryna onyň täsir etmejekdigini aýtdy. Ol, hususan-da, Orsýetiň liderleriniň öz talaňçy režimleriniň syýasatyny aklamak üçin Günbatary Orsýet üçin abanýan howp hökmünde görkezmeklerini dowam etdirjekdiklerini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG