Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Rimde azyk sammitini açdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Rimdäki maslahata gatnaşýar, 16-njy noýabr, 2009-njy ýyl.
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Rimdäki maslahata gatnaşýar, 16-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

Dünýä liderleri Rimdäki sammitde dünýä möçberinde açlykdan ejir çekýändigi çak edilýän bir milliard adama kömek bermek meselesini maslahat edýärler. Maslahata baý döwletleriň ençemesi gatnaşmaýar we pursaty elden berenlikde-de tankyt edilýärler.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Rimdäki maslahaty açanda azyk-iýmit bilen bagly dörän krizisiň millionlarça maşgalalary garyplyga we açlyga iterýändigini nygtady. Muňa garşy biz häzirden çäre görmesek problema, problemalygynda galar diýip, Mun aýdypdyr: «Şu günki azyk krizisi – ertire duýduryş hem çagyryşdyr. 2050-nji ýyla çenli ýer şarynyň ilaty 9 milliard 100 million bolup biler, ýagny häzirkiden iki milliard köp bolar, ilat sanynyň ösýän wagtynda global derejede klimat-da özgerýär, 2050-nji ýyla çenli häzirkisinden 70% köp azyk-iýmit gerek boljagyny bilýäris, howa bolsa öňünden çaklap bolmajak derejede üýtgeýär, dünýäniň köp böleginde suwuň azalmagy bilen ekin meýdanlary guraýar».

Geçen ýylyň krizisi bilen birlikde azyk-iýmit ýetmezçiligi we açlygyň köpelmegi ýaly meseleler halkara derejesinde günüň tertibinde durýar.

Azyk-iýmit ýetmezçiligi Aziýada we Afrikada onlarça döwletiň durnuklylygyna wehim saldy. Dünýä möçberinde döwletler öz ilatyny azyk bilen üpjün etmek ugrunda alada edip gelýärler, baý döwletler bolsa daşary ýurtlardan oba hojalyk önümlerini satyn almaklaryny tizleşdirýärler.

Iýul aýynda G8-leriň liderleri Italiýadaky maslahatda açlyga garşy göreş üçin geljek üç ýyldan köpräk wagtyň dowamynda 20 milliard kömek etjekdiklerine söz berdiler, tiz wagtda berilmeli ýardama az üns berlip, köplenç özleri azyk-iýmit öndürer ýaly garyp ýurtlara kömek edilmegi hakynda maslahat edilipdi.

G8-lerden diňe Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoniniň şu hepdedäki sammite gatnaşjagyna garaşylýar. Rimdäki sammita bolsa esasan hem Afrikadan we Latyn Amerikadan liderler, şol sanda Libiýanyň we Zimbabweniň lideri Kaddafi bilen Mugabe gatnaşýarlar.

Oba hojalyga ýardam

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO-nyň) başlygy Jakus Diouf azyk-iýmit howpsuzlygynyň näderejede gün tertibiniň ünsünden düşýändigini belleýär: «Gynansak-da, halkara derejesinde bu meseläniň ýerine başga zatlara köp üns berilýär, dünýäniň esasy liderleriniň bu maslahata gatnaşmaýanlygy meniň bu aýdýanyma bir mysal bolup biler» diýip, Diouf aýdýar.

Azyk we oba hojalyk guramasynyň mälim etmegine görä, oba hojalyga ýardam üçin ýylda 44 milliard dollara çemesi pul gerek, ýöne sammitiň jarnamasynyň taslamasynda anyk pul möçberi görkezilmeýär. Onuň ýerine taslamda BMG-niň islegi boýunça 2025-nji ýyla çenli doýa garna iýmitlenmezligiň soňuna çykyljagyna söz berilýär. Dünýä liderleri bolsa bellenilen möhletinden ir açlyga çäre görüljegini aýdýarlar.

2002-nji ýylda bu mesele bilen bagly ilkinji sammit geçirlenden bäri aç adamlaryň sanynyň artandygyny Londondaky Halkara syýasaty öwreniş merkezi mälim edýär.
XS
SM
MD
LG