Sepleriň elýeterliligi

Ýigrenç jenaýatlary çynlakaý problemalygyna galýar


ÝHHG -niň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary bölüminiň şu gün çap eden hasabatynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolup durýan ýurtlaryň köpüsinde ýigrenç bilen bagly jenaýatlaryň çynlakaý problema bolup galýandygy aýdylýar.

Bu hasabat Halkara Çydamlylyk gününe gabat çap edilýär. Onda 2008-nji ýylda gorkuzmak, haýbat atmak, wandalizm, zorluk, ýangyn faktlarynyň bir topar mysalynyň bolandygy aýdylýar.

Şeýle-de bu hasabatda ynamdar statistikanyň ýoklugy üçin ýigrenç bilen bagly jenaýatlaryň doly hasabyny anyklap bolamaýandygy bellenýär.

Hasabat öňki sowet respublikalaryndan Ermenistan, Azerbeýjan, Belarus, Gürjüstan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina we Özbegistan ýaly ýurtlary hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG