Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa we Slowakiýa mahmal rewolýusiýanyň 20 ýyllygyny belledi


Düýn Çehiýa respublikasy bilen Slowakiýa Sowet režiminiň agdarylmagyna getiren mahmal rewolýusiýanyň 20 ýyllygyny belläp geçdi.

1989-njy ýylyň güýzünde gündogar we merkezi Ýewropadaky Sosialistik ýurtlarda giň gerim alan rewolýusiýanyň tolkuny şol wagtky Çehoslowakiýada hem uly goldaw tapypdy.

1989-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Pragada Sosialistik režime garşy studentleriň gurnan parahatçylykly demonstrasiýasyny polisiýa güýçleri gazaply güýç ulanyp, dargadypdy. Ýöne şol wakanyň yzy bilen ýüz beren yzygiderli demonstrasiýalaryň netijesinde Çehoslowakiýanyň Sosialistik režimi agdarylypdy.

1990-njy ýylda şol wagtky Çehoslowakiýada dürli partiýalaryň gatnaşmagynda ilkinji demokratik saýlawlar geçirildi. 1993-nji ýylda bolsa, Çehoslowakiýa parahatçylykly ýol bilen Çehiýa hem-de Slowakiýa respublikalaryna bölündi.
XS
SM
MD
LG