Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rimde azyk meselesine bagyşlanan halkara sammiti açyldy


Düýn Italiýanyň paýtagty Rimde azyk meselesine bagyşlanylyp, halkara sammiti açyldy. Bu Sammit dünýäniň garyp ýurtlaryndaky açlykdan ejir çekýän millionlarça adamlara ýardam bermek meselelerine bagyşlanylar.

Sammitiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Muun 2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilat sanynyň 9 milliarddan hem geçjekdigini we şoňa görä-de şu döwrüň içinde azyk önümçiligini hem 70 prosent artdyrmaly boljakdygyny belledi.

Emma Sammite gatnaşýan ýurtlardan 60-a golaýynyň döwlet liderleri we ministrleri garyp ýurtlaryň oba-hojalygyny ösdürmek maksatlary üçin ýylda jemi 44 milliard dollar ýardamy öz içine alýan fond döretmek barada Ban Ki Muunyň eden çagyryşyna garşy çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG