Sepleriň elýeterliligi

Yragyň prezidenti Talabani Fransiýanyň prezidenti Sarkozi bilen gepleşik geçirdi


Yragyň prezidenti Jalal Talabani Fransiýa edýän ilkinji saparynyň barşynda düýn Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi bilen gepleşik geçirdi.

Prezident Talabaniniň bu saparynyň barşynda Yrak bilen Fransiýanyň döwlet liderleriniň goranmak, söwda we medeni pudaklardaky özara hyzmatdaşlyklar boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekmeklerine garaşylýar.

Yragyň ozalky lideri Saddam Husseýnin ýurdy dolandyran ýyllarynda Yrak bilen Fransiýa özara ykdysady hyzmatdaşlyk saklap gelipdiler.
XS
SM
MD
LG