Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» ady bilen 14-nji Halkara sergisi açylýar


Şu gün Aşgabadyň Sergiler köşgünde «Türkmenistanyň nebiti we gazy» ady bilen 14-nji Halkara sergisi açylýar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hem-de Nebit-gaz senagaty ministrligi tarapyndan gurnalýan bu sergide dünýäniň 28 ýurdundan 160-dan hem gowrak kompaniýanyň öz önümleri bilen çykyş etjekdigini habar berýär.

Bu serginiň çäklerinde-de Aşgabatda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna degişli kanunçylyk hem-de salgyt syýasatyna bagyşlanylyp, ýörite seminaryň hem gurnaljakdygy aýdylýar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy bu seminara gatnaşmak üçin dünýäniň 40-dan gowrak ýurduna degişli 160-dan hem gowrak kompaniýanyň wekilleriniň Aşgabatda gelendiklerini habar berýär.
XS
SM
MD
LG