Sepleriň elýeterliligi

17-nji noýabrda Halkara studentler güni bellenilýär. Bu sene 1941-nji ýylyň 17-nji noýbrynda Londonda geçirilen Studentleriň Bütindünýä Kongressinde ykrar edilipdi.

Studentleriň Halkara gününiň taryhy 1939-njy ýylda Çehiýada faşistik okkupasiýa döwründen başlanýar. 1939-njy ýylyň 17-nji noýabrynda ýurduň studentleriniň faşizme garşy protest çykyşlary basyp ýatyrylypdy, studentler bileleşiginiň ýolbaşçylary tussag edilipdi we atylyp öldürilipdi. Ýokary okuw jaýlary ýapylyp, müňden gowrak studentler we mugallymlar konslagerlere iberilipdi.

Halkara studentler güni dünýäniň dürli künjeklerinde özüçe bellenilýär, hususan-da, häkimiýet wekilleri we studentler toparlarynyň arasynda duşuşyklary geçirmek we sapaklaryna ökde studentleri sylaglamak ýaly dabaraly çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanda bu senäniň bellenip-bellenmeýänligi barada maglumat ýok. Emma ýurtda bilimi we ylmy ösdürmek meselesi esasy döwlet maksatnamalarynyň arasynda yglan edilýär, käbir çäreler hem görülýär. Meselem, geljek ýyldan studentleriň stipendiýalaryny galdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada ýakyn günlerde Mejlis tarapyndan kabul ediljek 2010-njy ýyl boýunça döwlet býujetinde aýdylýar. Studentleriň stipendiýasy 2009-njy ýylyň başynda hem ozalkysyndan galdyrylypdy.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 4275 student kabul edildi, ýene 2 700 adam ýurduň daşyna okamaga iberildi. Emma häzirki wagtda ýurduň daşynda okaýan ýaşlaryň hakyky sanynyň mundan onlarça esse köpdügi çak edilýär. Bu barada resmi statistika ýok. Käbir maglumatlara görä, şu ýylyň tomus aýlarynda Türkmenistandan beýleki ýurtlara okuwa gitmäge synanyşan ýaşlaryň ýörite resmi rugsat almaga mejbur edilmegi häkimiýetleriň daşary ýurtlarda okaýan ýaşlaryň hakyky sanyny anyklamak synanyşygy bilen bagly bolmagy ähtimal.

Synçylar ýurduň içinde bilim almaga ukyply ýaşlaryň diňe 5%-den hem azyny ýokary bilim bilen üpjün etmäge ukyply Türkmenistan üçin öz ýaşlaryny daşary ýurtlarda okatmagyň örän bähbitli we ähmiýetli mesele bolup durýanlygyny belleýärler.

Studentleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary


Türkmenistanly ýaşlar hem ýurduň daşyna çykmakda hem-de daşynda okamakda dürli kynçylyklary başdan geçirýärler. Esasy kynçylyklaryň wiza meselesi bilen baglydygyny studentler gürrüň berýärler. Adyny agzamazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan student, meselem, Gyrgyzystanda 6 müňe golaý türkmenistanly studentleriň okaýanlygyny gürrüň berdi we olaryň esasy kynçylygynyň wiza bilen baglydygyny aýtdy: “Esasy kynçylyk, Bişkekde Türkmenistanyň ilçihanasy bolmansoň, türkmenistanly studentler Gazagystandan wiza almaly bolýarlar”.

Şol bir wagtda-da şu ýyl hut Gyrgyzystanyň paýtagty ençeme türkmen studentleri üçin elýeterli bolmadyk ýere öwrüldi. Bişkekdäki Amerikan uniwersitetiniň onlarça studenti Türkmenistandan çykyp bilmändi. Yz ýany studentleriň Birleşen Ştatlaryň Bolgariýadaky uniwersitetine aşmak synanyşygy hem başa barmandy.

Şol wakalar Merkezi Aziýadaky amerikan uniwersitetiniň käbir studentiniň okuwyny dowam etmek umydyndan el çekmegine, ýene ençemesiniň bolsa okuwyny doly tamamlaýança öz ýurduna dolanyp barmakdan boýun gaçyrmagyna sebäp boldy.

Amerikan uniwersitetinde okaýanlara basyşlar


Şol bir wagtda-da Bişkekdäki amerikan uniwersitetinde okaýan studentleriň ene- atalarynyň basyşlara sezewar edilýänligi habar berilýär. Radiomyza gowuşýan maglumatlara görä, ene-atalary işini ýitiren studenter hem bar, käbir studentlere okuwyny bes etmese, maşgala agzalarynyň tussag ediljekdigi barada duýduryşlar hem gowuşýar.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýadaky amerikan uniwersitetinde Turkmenistandan 40-a golaý student bilim alýar.

Türkmen inisiatiwasy guramasy Gyrgyzystanda okap ýören türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň ene-atalaryna Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan edilen basyşlar sebäpli okuwyny bes edip, Türkmenistana dolanyp barmaga mejbur bolandyklaryny ýazdy. Maglumatda şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň köp ýaşlaryň daşary ýurtlarda okamagyna girizen gadagançylygynyň häzirem güýjünde galýanlygy bellenilýär.

Oktýabr aýynda ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň öňki studentlerinden üç adam Türkiýäniň howa ýollarynyň uçaryna goýberilmedi, ýene iki adam Farap barlag-geçiş nokadynda Özbegistana geçirilmedi. “Gara sanawa” düşen ýaşlara bäş-ýedi ýyllap ýurtdan çykmagyň gadagan edilmeginiň ähtimaldygyny ”Türkmen inisiatiwasy” guramasy belledi.

Adatça, islendik döwürde we ähli ýurtlarda studentlere jemgyýetiň progressiw we döredijilikli sosial gatlagy hökmünde garalyp gelinýär.

Studentler üçin ýurtda nähili şertler bar?

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, ýaşlaryň jemgyýetdäki roluny ösdürmek, olary aktiwlige we döredijilige höweslendirmek ýaly ädimleriň deregine türkmen häkimiýetleri gözegçiligini saklamak islegini mälim edip gelýärler.

Häzirki wagtda türkmen studentleriniň öz awtoulaglarynda okuwa gatnamagyna gadagançylygyň hem girizilenligi habar berildi. “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýazmagyna görä, şeýle gadagançyk barada ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary sentýabr aýynda habarly edildi. Olar öz nobatynda bu habary studentlere ýetirmelidi. Maglumata laýyklykda, polisiýa we ýol gözegçiligi gullyklary gadagançylygy bozan ýaşlara jerime salmak hukugyna eýe boldular.

Farid Tuhbatullin şeýle gadagançylyklaryň ýurduň bilim sistemasynyň özgermegine pozitiw täsir ýetirmeýänligini belledi: “Studentler we bilimli ýaşlar döwletiň baýlygydyr we geljegidir. Şonuň üçin döwletiň özi ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmeklige gyzyklanmaly we munuň üçin şert döretmeli. Emma Türkmenistanda amala aşyrylýan häzirki çäreler bu ugurdan öňegidişlik üçin şert döretmeýär. Ýaşlara bolsa erkinlik gerek, olar okajak ugruny we öz ýoluny öz isleglerine görä saýlamalydyr” diýip, Farid Tuhbatullin aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG