Sepleriň elýeterliligi

Azerbeýjan Germaniýanyň we Norwegiýanyň tankytlaryny ýazgardy


Düýn Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi geçen hepde ýurduň iki sany internet blogçysynyň tussag edilmegini tankytlan Germaniýanyň hem-de Norwegiýanyň bu tankytlaryny ýazgardy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi muny ýurduň içerki işlerine gatyşmaklyk diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.

Ýakynda Azerbaýjanyň sudy iki sany internet blogçysyny huligançylykda aýyplap, olardan birini 2 ýyl, beýleki birini bolsa 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar bu çäreleriň ýurtdaky başga pikirli adamlara garşy alnyp barylýan repressiw çäreleriň bir bölegidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG