Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Iýerusalimde 900 töweregi jaý gurar


Düýn Ysraýylyň hökümet resmileri Iýerusalim şäheriniň palestinlilere degişli hasaplanylýan böleginde ýewreý ilaty üçin 900 töweregi ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygyny mälim etdiler.

Ysraýyl tarapynyň bu beýanatyna jogap edip, palestin hökümetiniň araçyl wekili Saeb Erekat gündogar Iýerusalimde Ysraýylyň gurluşyk alyp barýan halatynda ikitaraplaýyn parahatçylyk gepleşikleri barada hiç hili gürrüň bolup bilmejekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti we Britaniýanyň hökümeti Palestinanyň territoriýasynda Ysraýylyň göz öňünde tutýan bu täze gurluşuk planlaryny tankytlap çykyş etdiler.

Iýerusalim şäheriniň statusy hem-de Palestinanyň territoriýasynda Ysraýylyň alyp barýan gurluşyklary bilen baglanyşykly problemalar ikitaraplaýyn parahatçylyk gepleşiklerine böwet bolup gelýän esasy problemalar bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG