Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stokgolmda ÝB-Orsýet hyzmatdaşlyklaryna bagyşlanylyp sammit açylar


Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklaryna bagyşlanylyp şu günki açyljak sammite gatnaşmak üçin düýn Orsýetiň prezidenti Medwedew Stokgolma bardy.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň hem-de Orsýetiň prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljek bu sammitde esasan Ýewropa Bileleleşigi bilen Orsýetiň söwda gatnaşyklary hem-de gaz üpjünçiliginiň ygtybarlygy bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Maglumata görä, Stokgolmda geçiriljek sammitiň dowamynda Orsýetiň Dünýä Söwda guramasyna goşulyp-goşulmazlyk meselesi barada-da gürrüň ediler.

Mundan daşary, sammitde Orsýetdäki ynsan hukuklary bilen baglanyşykly problemalar hem gozgalar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG