Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti amerikan resmilerini kabul etdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Jorj Krolyň ýolbaşçylygyndaky amerikan delegasiýasy Aşgabada bardy.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhammedow bu amerikan delegasiýasynyň başlygy Jorj Kroly kabul etdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlardaky perspektiwalary barada özara pikir alyşdylar. Esasy perspektiw ugurlaryň hatarynda aýratynam ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlyklar üns merkezinde boldy.

Bu duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyň işleri ynanylan wekili hanym Silwiýa Karan hem gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG