Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbeýjandaky yagdaýa alada bildirilýär


Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Thorbýorn Jagland.
Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Thorbýorn Jagland.

Azerbeýjan sudunyň iki sany blogçyny türme tussaglygyna höküm etmegini Günbatar döwletleri, hukuk goraýjy toparlar, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de Ýewropa Geňeşi berk tankyt etdiler. Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Thorbýorn Jagland bilen söhbetdeş body.

Azatlyk Radiosy: Siz blogçylaryň türmä höküm edilmegini berk tankyt etdiňiz, ýogsa siz suduň beýle karar kabul etmegine garaşmaýardyňyzmy?

Thorbýorn Jagland: Muňa hem “hawa” hem-de ýok diýse bolar. Şular ýaly kararlar bizi geň galdyrýar, huliganlyk aýyplamasy, beýle kararyň kabul edilmegine esas bolup bilmez. Bu bizi geň galdyrýar. Ýöne Azerbeýjanda bolup geçýän ýagdaýy uzak wagtdan bäri yzarlap gelýänim üçin muňa geň galasy iş-de ýok, adam hukuklary we demokratiýa babatynda bu meselä bizde gaýgy-alada döredýär.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin Ýewropa Geňeşi Azerbeýjandan öz boýun alan borçlary hakynda hasabat soramakda kynçylyga duçar bolýar? Onda siz öz missiýaňyzy nädip gorap bilersiňiz?

Thorbýorn Jagland: Ýewropa Geňeşiniň öňündäki borjuny berjaý etmeýän agza döwletler bilen gatnaşykda kynçylyga duş gelinýär, biziň edip bilýän ýeke-täk işimiz olara öz borçlaryny ýatlatmak, biz gözegçilik mehanizminden-de peýdalanýarys. Şular ýaly ýagdaý dörände, biz häkimiýetleri elmydama öz işleri hakynda hasabat berer ýaly etmeli.

Azatlyk Radiosy: Blogçularyň türmä höküm edilmegi bilen bagly ýaýradan beýannamaňyz örän güýçli, size bu barada Bakuwdan haýsydyr bir jogap gowuşdymy?

Thorbýorn Jagland: Bize henize çenli bir jogap gelip gowuşmady, men bu beýannama hakynda düýn Azerbeýjanyň ilçisine maglumat berdim we olar bilen gepleşip, bu haty resmi Bakuwa ýetirmegini soradym.

Azatlyk Radiosy: Bakuwdaky resmiler siziň çagyryşyňyzy diňlär öýdüp garaşýaňyzmy?

Thorbýorn Jagland: Hawa, biz muňa garaşýarys, sebäbi Azerbeýjan Ýewropa Geňeşiniň agzasy, biziň borçlarymyzy we gadyr-gymmatlarymyzy berjaý etmäge borçly. Şonuň üçin, elbetde, olar biziň hatymyza çynlakaý garamaly bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Köp sanly Günbatar döwletleri Azerbeýjana diňe bir energiýa resursy hökmünde garaýarlar. Ýewropanyň energiýa durnuklylygy nukdaýnazaryndan Azerbeýjanyň Günbataryň ähmiýetli partnýory hasaplanylýanlygy üçin demokratiýa meselelerini gozgmaýar, bu hakda näme aýdyp bolar?

Thorbýorn Jagland: Bu-da bir problema bolup biler, ýöne ýewropa döwletleri, ýewropa guramalary, şonuň ýaly-da ABŞ adam hukuklary bilen bagly Azerbeýjanda bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglanyşykly örän aladalanyp gelýärler. Siziň aýdýanyňyz dogram bolup biler, nädogram, sebäbi şular ýaly ýagdaý bolanda, biz oňa reaksiýa görkezýäris.
XS
SM
MD
LG