Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Ysraýylyň gurluşyk planyny ýazgarýar


ABŞ hem BMG-niň baş sekretary ysraýyl häkimiýetleriniň Ýerusalimiň palestinalylaryň biziňki diýýän bölegindäki ewreý obasynda ýene 900 sany ýaşaýyş jaý binasyny gurmak planyny tassyklamagyny tankyt etdi.

Ak tamyň sözçüsi Robert Gibbs Birleşen Ştatlaryň hökümeti Ysraýylyň Gilo obasyny giňeltmek kararyndan «lapykeç boldy», sebäbi bu hili hereket Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamagy has-da kynlaşdyrar diýdi.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun bolsa öz beýanatynda Ysraýylyň kararyna «gynanandygyny», munuň parahatçylyk hereketleriniň zyýanynadygyny we iki döwlet çözgüdiniň durmuşa ukyplylygyna şübhe döredýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG