Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň uran ylalaşygyna jogap bermegi üçin wagt azalýar


Birleşen Ştatlar Eýranyň BMG-niň goldamagyndaky uran baýlaşdyrmak teklibine formal jogap bermeli wagty azalýar diýýär.

Bu teklip Eýranyň ýadro ýaragyny edinjek bolýanlygy baradaky şübheleri azaltmagy maksat edinýär.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Eýranyň jogap berimezligi lapykeçligi artdyrýar diýdi.

Oktýabrda BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugynyň araçylygynda taslanan ylalaşykda Eýran özüniň az baýlaşdyrylan uranynyň 75 prosent çemesini ýangyjy öwürmek üçin Orsýete we Fransiýa ibermeli edilipdi.

Bu taslama ABŞ, Fransiýa, Orsýet tarapyndan hem goldanypdy.
XS
SM
MD
LG