Sepleriň elýeterliligi

Pakistan goşunlary Talybanyň esasy bazalaryny ele geçirdi


Pakistan armiýasy öz goşunlarynyň Günorta Waziristandaky Talyban bazalarynyň köpüsini ele geçirendigini aýdýar.

Harbylar owgan serhetiniň golaýyndaky jeňçilere urlan zarbanyň netijelerini görkezmek üçin sişenbe güni žurnalistleri wertolýot bilen Ladha hem Sararogha şäherlerine äkitdiler.

Harbylaryň baş sözçüsi geneal-maýor Athar Abbas žurnalistlere jeňçileriň käbiriniň gaçyp gutulan bolamagynyň ähtimaldygyny, ýöne köpüsiniň gizlenýändigini, goşunyň olary gözläp tapjakdygyny aýtdy.

Ol 17-nji oktýabrdan bäri edilen hüjümlerde 500-den gowrak jeňçiniň öldürilendigini, söweşde Pakistan goşunynyň 70 esgeriniň wepat bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG