Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ÝB-Orsýet sammitine gatnaşmak üçin Stokgolma bardy


Orsýetiň prezidenti Dmitiriý Medwedew Ýewropa Bileleşiginiň sammitine gatnaşmak üçin Şwesiýanyň paýtagty Stokgolma geldi.

Sammitde söwda we Orsýetiň günbatar Ýewropa gaz ibermeginiň howpsuzlygy baradaky meselelere üns berilmegine garaşylýar.

Bu sammitde Medwedew häzir Ýewropa Bileleşiginiň gezekli prezidentligine eýe bolan Şwesiýanyň premýer ministri Frederik Reýntfeldt, Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Hoze Manuel Barroso we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Hawier Solana bilen duşuşar.
XS
SM
MD
LG